Hindistanyň Tamilnad ştatynyň baş ministri M.K. Stalin 100 ýyl gowrak mundan ozal tapylan gadymy Inda jülgesi siwilizasiýasynyň (IVC) syrly ýazuwyny öwrenmäge kömek edip biljek adama bir million dollar sylag berjekdigini mälim etdi. Bu barada “Hindustan Times” habar berdi.
Uly pul baýragy, Inda jülgesiniň ýazuwyny aýdyňlaşdyrmagyň üstünde işleýän dünýädäki arheologlary, tamil dilçilerini we tehniki hünärmenleri höweslendirmek üçin niýetlenendir.
-Bir wagtlar gülläp ösen Inda jülgesiniň ýazuwyna aýdyň düşünip bilmedik – diýip, baş ministr Tamilnad ştatynyň Çennai şäherinde IVC-niň 100 ýyllygy mynasybetli geçirilen maslahatyň barşynda aýtdy.
Şu babatda Stalin Hindi subyklymynyň taryhynyň Tamilnada ýa-da tamil dili bolmazdan ýazyp bolmajakdygyny aýtdy.
-Ştatyň häkimiýetleriniň tagallalary Tamilnadanyň ýurduň taryhynda özüne mynasyp orny eýelemegine gönükdirilendir” – diýip, Stalin belledi.
Inda jülgesiniň syrly ýazgysy 1920-nji ýyllaryň başynda, 1902-1928-nji ýyllar aralygynda Hindistanyň arheologiýa gullugynyň baş müdiri bolup işlän iňlis arheology Jon Marşalyň ýolbaşçylygyndaky arheologlar tarapyndan tapyldy. Şeýle hem şol döwürde IVC-ni emele getirýän iki esasy şäher Harappa we Mohenjo-Daro tapyldy. Şeýle-de bolsa, ýazgy şu güne çenli çözülmän gelýär.
Onuň taryhy ähmiýeti, eger aýdyňlaşdyrylan halatynda, Inda jülgesiniň siwilizasiýasynyň hakyky taryhyny we onuň durmuş-ykdysady baglanyşyklaryny açyp biler. Mundan başga-da, täze ýüze çykarylan subutnamalar Inda jülgesiniň ilatynyň günorta göçüp barmagy bilen baglanyşykly ýagdaýlary anyklamaga hem kömek eder.