Ýewropa Komissiýasy Ýewropada emeli aň boýunça ýedi sany gigafabrikanyň gurluşygy boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. Bu taslamanyň esasy maksady öňdebaryjy emeli aň modellerini ösdürmek üçin özbaşdak düzüm birliklerini ýola goýmakdan ybaratdyr. Bu bolsa ABŞ we Hytaý ýaly öňdebaryjy döwletlere bolan sanly baglylygy azaltmaga mümkinçilik berer.

Maýa goýumlaryň umumy göwrümi 30 milliard ýewro deň bolup, munuň 5 milliard ýewrosyny Ýewropa Bileleşiginiň býujeti, 5 milliard ýewrosyny gatnaşyjy agza döwletler, galan 20 milliard ýewrosyny bolsa hususy maýadarlar maliýeleşdirer. Döwlet tarapyndan bölünip berlen serişdeleriň öwezine ÝB we oňa agza ýurtlar superkompýuterleriň kuwwatyndan öz paýyny alarlar. Bu kuwwatlyklar bolsa döwlet taslamalarynda, ylmy barlaglarda we emeli aň barlaghanalarynda ulanylar. Öz gezeginde, hususy hyzmatdaşlar taslamanyň ähli amaly çykdajylaryny öz üstüne alarlar.

Taslamanyň alty ýarym ýylyň dowamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Gurluşyk işlerine 2027-nji ýylyň başynda başlanyp, desgalary 2028-nji ýylyň ortalarynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Häzirki wagta Germaniýa, Fransiýa, Italiýa, Polşa, Çehiýa, Daniýa, Finlýandiýa, Gresiýa, Portugaliýa we Ispaniýa ýaly on sany agza döwlet bu gigafabrikalary öz çäginde ýerleşdirmäge gyzyklanma bildirdi.

Täze gigafabrikalar trillionlarça maglumaty işläp bilýän uly dil modellerini okatmak üçin niýetlenen soňky nesil çipleri we kuwwatly maglumat merkezlerini öz içine alýar. Tehnologik garaşlylygyň öňüni almak maksady bilen, Ýewropa Komissiýasy “Nvidia”, AMD we “Qualcomm” ýaly dünýäniň öňdebaryjy çip öndürijileri bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gollar çekdi. Bu iri başlangyç Ýewropanyň sanly özygtyýarlylygyny berkitmäge uly goşant goşar.