Ýel turbina öndürijisi “Vestas” kompaniýasy ýel turbinalaryň perlerini gaýtadan işlemegiň usullarynyň kesgitlenendigini mälim etdi. Daniýanyň kompaniýasy ýel diňiniň iň uly bitewi bölekleriniň biri bolan perleri ulanyş möhleti tamamlanandan soňra çig mal hökmünde gaýtadan ulanmak üçin çözgüt taýýarlady. Kompaniýanyň inženerleri ýurduň Orhus uniwersitetiniň hem-de Tehnologiýa institutynyň hünärmenleriniň tejribesinden peýdalanýar. Şeýlelikde hünärmenler periň öndürilmeginde ulanylan materialy himiki taýdan ýuka materiallara bölüp biljek täze prosesi döretdiler. 2021-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýän taraplar CETEC atly taslamanyň çäklerinde ulanyş möhleti tamamlanan materiallary gaýtadan işlemegiň tapgyrlaryny taýýarlapdyrlar. Olaryň arasynda materiallary himiki taýdan sökmek prosesiniň täjirçilik çözgüdi hem bar. Bu çözgüt ulanylan materiallary gaýtadan işlemegiň ilkinji tapgyry hasaplanýar. “WindEurope” guramasy bolsa, 2025-nji ýyla çenli her ýylda 25 müň tonna periň gaýradan işlenilmegine, 2025-nji ýyla çenli bolsa bu görkezijiniň 52 müň tonna çenli ýokarlanmagyna garaşýar.
Läle Ýaldyrowa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby
PDF









