Ýene bir topar diňe legionlerden düzüldi

4

Dünýä Kubogyna ilkinji gezek gatnaşýan Kabo Werdeniň milli ýygyndysynyň hem düzümi belli boldy. Tälimçi Bubista 26 oýunçydan ybarat düzümiň ähli futbolçysy-da daşary ýurtlarda çykyş edýänler bolup, olaryň 24-si Ýewropada oýnaýar. Galan 2-si bolsa ABŞ-nyň klublarynyň köýnekçesini geýýär. Kabo Werde KONKAKAF wekili Kýurasao bilen bilelikde, ähli oýunçysy legionlerden düzülen häzirlikçe 2-nji topardyr. Toparyň düzüminde ýurduň ýyldyz futbolçysy Gari Rodriges bolup, ol “Galatasaraý”, “Fenerbahçe”, “Olimpiakos” ýaly klublarda oýnapdy.

Kabo Werdeniň ýygyndysy “H” toparçada Saud Arabystanynyň, Ispaniýanyň hem-de Urugwaýyň ýygyndylary bilen duşuşar.

 

DERWEZEÇILER

Wozinýa (Şawes, POrtugaliýa)

Marsio Rosa (Montana, Bolgariýa)

SiJeý dos Santos (San Diego)


GORAGÇYLAR

Stopira (Torreense, Portugaliýa)

Roberto Lopes (Şamrok Rowers, Irlandiýa)

Žoao Paulo (FKSB, Rumyniýa)

Dineý (Al-Bataeh, BAE)

Logan Kosta (Wilýarreal)

Stewen Moreira (Kolumbus Krýuw)

Wagner Pina (Trabzonspor)

Sidni Lopes Kabral (Benfika)

Kelwin Pires (SJK, Finlýandiýa)


ÝARYMGORAGÇYLAR

Jamiro Monteiro (PEK Zwolle)

Kewin Pina (Krasnodar)

Deroý Duarte (Ludogores Razgrad)

Telmo Arkanýo (Witoriýa)

Laros Duarte (Puşkaş Akademiýa)

Ýannik Semedo (Farense, Portugaliýa)


HÜJÜMÇILER

Raýan Mendes (Ygdyr, Türkiýe)

Garri Rodriges (Apollon Limassol, Kipr)

Willi Semedo (Omoniýa, Kipr)

Jowane Kabral (Eştrela Amadora, Portugaliýa)

Gilson Benşimol (Akron)

Dailon Liwramento (Kasa Pia, Portugaliýa)

Helio Warela (Makkabi Tel-Awiw)

Nuno da Koşta (Istanbul Başakşehir)