Çagalar we ulular tarapyndan söýlüp iýilýän gök-bakja önümleriniň biri hem käşirdir. Dünýäde käşiriň 500 töweregi görnüşiniň bardygy bellenilýär. Nahara özboluşly tagam berýän käşiriň reňk babatda alty görnüşi bolup, olar narynç, gyzyl, sary, ak, benewşe we gara käşir ýaly görnüşlere bölünýär. Käşir çigligine, gaýnadylyp ýa-da gowrulyp iýilýändigine garamazdan, saglyk üçin peýdaly hasaplanýar. «Ýer astynda altyn gazyk» diýilýän bu bakja önüminde köp sanly witaminlerdir minerallar saklanýar. Käşir göze peýdaly bolmak bilen bir hatarda, immuniteti güýçlendirmekde we köp keselleriň öňüni almakda peýdalydyr.
Käşiriň peýdalary
Käşir ýürek-damar kesellerine garşy peýdaly bolmak bilen bir hatarda, düwnük keseliniň döremek howpuny peseldýär. Hünärmenler käşiriň göz üçin iň peýdaly iýmitdigini belleýärler. Käşir beýniniň işjeňligini ýokarlandyryp, öýjükleriň täzelenmegine we dikelmegine ýardam edýär. Içege we iýmit siňdiriş ulgamy üçin peýdaly iýmit bolan käşir dişiň hem-de diş etiniň berkemegine ýardam edýär. Her gün käşir iýýän adamlaryň derisi ýaş görünýär. Käşir bedeni artykmaç galyndylardan arassalamak bilen bir hatarda, bedeni ysmaz we insultdan goraýar.
Göz üçin has peýdaly
Käşir köpçülige göz üçin peýdalydygy bilen tanalýar. Käşirdäki A witamini görüş üçin örän peýdalydyr. Mundan başga-da, bu bakja önümindäki beta-karotin maddasy görşi gowulandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Käşir göz keselleri, garrylyk bilen bagly ýüze çykýan görüş näsazlyklarynyň öňüni almaga ýardam edýär.
Çagalaryň ösüşi üçin peýdaly
Hünärmenler käşiriň çagalar üçin has-da peýdalydygyny belleýärler. Käşirde A, C, B6 witaminleri, kaliý, natriý we demir ýaly minerallar saklanýar. Bu witamindir minerallar çagalaryň kadaly ösüşi üçin örän peýdaly bolup, aňy we ýatkeşligi ösdürýär.
Käşiriň zyýanly taraplary
Adam saglygy üçin ummasyz peýdasy bolan käşir aşa köp iýlende deride mämişi-sary menekleriň döremegine sebäp bolýar. Bu ýagdaý käşirdäki beta-karotin maddasynyň netijesinde ýüze çykýar. Käşiri köp iýmek immunitetiň gowşamagyna, deride we görüşde käbir kynçylyklaryň döremegine getirýär.
Her gün näçe käşir iýmeli?
Her gün 1 ýa-da 2 sany orta ölçegdäki käşir iýmek ýeterlikdir. Galyberse-de, her günki käşiriň mukdary adamyň ýaşyna, saglyk ýagdaýyna görä üýtgeýär. Hünärmenler her gün 9-dan köp käşir iýmeli däldigini belleýärler.