Dünýä Kubogy 2026-nyň guraýjylarynyň biri bolan ABŞ-nyň ýygyndysynyň düzümi belli boldy. Argentinaly tälimçi Maurisio Poççettino düzüme Pulişiç, Dest, MakKenni, Reýna, Balogun, Wea ýaly ýyldyz oýunçylary çagyrdy. Zimmerman, Şak Mur, Kameron Karter-Wikers, Ýunus Musa, Joş Sarjent ýaly ozal telim gezek milli toparyň köýnekçesini geýen oýunçylar Dünýä Kubogynyň daşynda galdy.
Ýer eýesi ABŞ-nyň ýygyndysy “D” toparçada Awstraliýanyň, Paragwaýyň hem-de Türkiýäniň ýygyndylary bilen duşuşar.
DERWEZEÇILER Mett Törner (Nýu Ingland Reweluşn) Mett Friz (Nýu Ýork Siti) Kris Bredi (Çikago Faýr) GORAGÇYLAR Seržinio Dest (PSW) Kris Riçards (Kristal Palas) Antoni Robinson (Fulham) Oston Trasti (Seltik) Maýlz Robinson (Sinsinnati ) Tim Rim (Şarlott FK) Aleks Friman (Wilýarreal) Maksimilian Arfsten (Kolumbus Krýuw) Mark MakKenzi (Tuluza) Jou Skalli (Borussiýa M) ÝARYMGORAGÇYLAR Taýler Adams (Bornmut) Jiowanni Reýna (Borussiýa M) Weston MakKenni (Ýuwentus) Sebastian Berhalter (Wankuwer Waýtkäps) Kristian Roldan (Siettl Saunders) Malik Tillman (Baýer) Rikardo Pepi (PSW) HÜJÜMÇILER Kristian Pulişiç (Milan) Brendan Aaronson (Lids) Haji Raýt (Kowentri Siti) Folarin Balogun (Monako) Timoti Wea (Marsel) Alehandro Zendeýas (Amerika)
PDF









