«Ti­me» žur­na­ly dün­ýä­niň iň aja­ýyp ýer­le­ri­niň sa­na­wy­ny taý­ýar­la­dy. Sa­naw­da gi­dil­me­gi mas­la­hat be­ril­ýän 100 ýe­riň ady bolup, onda di­ňe te­bi­gy gö­zel­lik­ler däl, eý­sem, me­de­ni baý­lyk­lar, dur­nuk­ly sy­ýa­hat­çy­lyk we beý­le­ki ugur­lar­da ta­pa­wut­lan­ýan ýer­ler hem gi­ri­zi­lip­dir. Ge­zil­me­gi mas­la­hat be­ril­ýän ýer­le­riň ara­syn­da de­ňiz ke­nar­la­ry, myh­man­ha­na­lar, kö­çe­ler, res­to­ran­lar, ada­lar we beý­le­ki­ler bar.
Ta­pa­wut­lan­ýan ýer­le­riň ara­syn­da Pe­ru­nyň paý­tag­ty Li­ma­da­ky AWA res­to­ra­ny bar. Bu res­to­ran ada­ty Ama­zon­ka aş­ha­na­sy­ny döw­re­bap äheň­de kä­mil­leş­di­rip, müş­de­ri­le­ri­ne dür­li ta­gam­la­ry hö­dür­le­ýär. Sa­na­wa Af­ri­ka­nyň te­bi­gy gö­zel­lik­le­ri­niň ara­syn­da dün­ýä­de meş­hur­lyk ga­za­nan Wik­to­ri­ýa şag­la­wu­gy­nyň go­la­ýyn­da­ky «Mba­no Ma­nor» myh­man­ha­na­sy hem gi­ri­zi­lip­dir. ABŞ-nyň Nýu-Ýork şä­he­rin­dä­ki «Wal­dorf As­to­ria New York» myh­man­ha­na­sy, Ari­zo­na şta­ty­nyň Flags­taff se­bi­tin­dä­ki Lo­wel­la ob­ser­wa­to­ri­ýa­sy ýa­ly ýer­le­re ge­ze­lenç et­mek mas­la­hat be­ril­ýär.
Pa­kis­tan­da­ky py­ýa­da ge­ze­lenç et­mek üçin amat­ly ýer bo­lan Nang­ma jül­ge­si hem sa­na­wa gi­ri­zi­lip­dir.

Ka­ýys MY­RA­DOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.