Hytaýda Halkara awiasiýa we awiakosmos sergisi geçirildi. 14-nji gezek geçirilýän serginiň dowamynda dürli kompaniýalar awiasiýa pudagyna degişli harytlaryny we hyzmatlaryny hödürlediler. Şeýle hem serginiň dowamynda dürli şertnamalara hem gol çekildi. Hytaýyň Täjirçilik uçar kompaniýasynyň (COMAC) işläp taýýarlan “C919” atly ýolagçy uçaryndan 300, “ARJ21” atly uçaryndan 30 sanysynyň sargyt edilendigi habar berildi. Bu sargytlaryň ählisini ýurduň banklaryna we maliýe edaralaryna bagly kompaniýalar sargyt edipdir.
Ýurduň ilkinji kiçi göwrümli ýolagçy uçary bolan C919-yň synag uçuşy şu ýylyň 14-nji maýynda amala aşyrylypdy. 30-njy sentýabrda bolsa bu howa gämisiniň önümçiligi we ulanylmagy üçin degişli resminama tassyklanypdy. Bir koridorly uçar 156-168 ýolagça niýetlenen.
Bahadyr Jumakow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
PDF









