2-nji fewralda Ýewropa Bileleşigi töwekgelçilik döredýän AI ulgamlaryny ulanmagy resmi taýdan gadagan etdi. Töwekgelçilik adamlara göni howpy ýa-da zyýany aňladýar. Mysal üçin oňa galp shemalar we jemgyýeti manipulýasiýa etmek ýaly ýagdaýlar girýär.
Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynda emeli aňy düzgünleşdirmek baradaky kanun geçen ýylyň mart aýynda tassyklandy. Kanun tehnologiýalary iň pes derejesinden başlap, doly gadagan edilýän “kabul ederliksiz” derejesine çenli dört derejä bölýär. Kompaniýalara indi “kabul ederliksiz” diýlip hasaplanylýan emeli aň ulanandyklary üçin 35 million ýewro (ýa-da ýyllyk girdejisiniň 7 göterimi) jerime tölemeli bolar.
Şu ýylyň awgust aýynda emeli aň barada umumy düzgünnama girizmek meýilleşdirilýär we eýýäm 2026-njy ýylda biometrik we bilim pudagynda ýokary töwekgelçilikli ulgamlar babatynda çäklendiriji çäreler güýje girer.