21-nji awgustda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekiliýeti mätäçlik çekýän maşgalalary hem-de maýyplygy bolan çagalary goldamaga bagyşlanan ýörite çäre bilen ýyllyk “Back to School” (Täze okuw möwsümine başlamak) kampaniýasyny geçirdi. “Keýik Okara” jemgyýetçilik guramasy we Türkmenistanyň maýyplara goldaw bermek merkezi bilen hyzmatdaşlykda, Wekiliýet okuw ýylyna taýýarlyk görmäge ýardam etmek maksady bilen 50 sany okuw esbaplaryny Türkmenistanyň maýyplara goldaw bermek merkezinde paýlady.
Şatlykly ýagdaýy has-da artdyrmak üçin “Rişat” çäreler agentligi çagalar üçin gyzykly animatorlar bilen şowhunly çykyş gurap, ýatdan çykmajak pursatlary döredip berdi.
Bu Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekiliýetiniň yzly-yzyna dördünji ýyl amala aşyrýan haýyr-sahawat çäreresidir. Bu bolsa inklýuziw bilime hem-de ähli çagalaryň okamagyna we ösüşine ýardam bermek baradaky dowamly ygrarlylygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Hanym Beata Pęksa, Wekiliýetiň işgärleri bilen bilelikde, okuw bukjalaryny we mekdep esbaplaryny gowşurdy. Çagalara ýüzlenip, ol şeýle belledi: «Bilim täze dünýäleriň gapylaryny açýar, biz bolsa size şol gapylardan girmegiňizde goldaw bermäge geldik. Bu okuw esbaplary diňe galamlar ýa-da depderler däl — olar sizin gözleg, döredijilik we ösüş üçin serişdeleriňizdir. Biz bu gün şu ýerde oturan her bir çaga uly arzuwlar etmek we şatlyk bilen öwrenmek üçin höwes tapar diýip umyt edýäris!».