Dünýäniň iň uly kompaniýalarynyň 60-sy Ýewropada emeli aň (AI) gurallaryny ösdürmek maksady bilen bileleşik dörediljekdigini habar berdi. “Iri senagat toparlaryny (“Airbus”, “L’Oréal”, “Mersedes”, “Siemens” we ş.m.) we tehnologiýa toparlaryny (“Spotify”, “Mistral AI” we ş.m.) birleşdirýän bu başlangyç, tehnologiýa, senagat, maýa goýum we döwlet syýasatlaryndaky hereketleri utgaşdyrmak arkaly Ýewropada emeli aň ösüşini çaltlaşdyrmagy maksat edinýär” diýlip, beýanatda bellenilýär.
Bu beýanat golaýda Parižde dünýä liderleriniň we öňdebaryjy halkara kompaniýalarynyň gatnaşan emeli aň boýunça halkara sammitiniň çäginde mälim edildi. Bileleşige “TotalEnergies”, EDF, “Philips”, SAAB, “Siemens”, “Lufthansa” we beýlekiler, şeýle hem birnäçe iri banklar girdi. Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron hem Fransiýanyň ýakyn ýyllarda emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmek üçin 109 milliard ýewro maýa goýmak isleýändigini mälim etdi.
Ondan öň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ABŞ-da emeli aň (AI) infrastrukturasyna 500 milliard dollar maýa goýjak “StarGate” kompaniýasynyň dörediljekdigini habar berdi. ABŞ-nyň Prezidenti, programma üpjünçiligini dörediji “Oracle”, ”ýapon maýa goýumlary holdingi “SoftBank Holding we AI programma üpjünçiligini açýan “OpenAI”-yň ýolbaşçylary bilen bilelikde çykyş etdi.