UEFA-nyň 2-nji-3-nji derejeli ýaryşlary bolan Ýewropa hem-de Konferensiýa Ligalarynda 1/8 finalyň bijeleri çekildi. Bijä laýyklykda, Ýewropa Ligasynda italýan derbisinde “Bolonýa” bilen “Roma” duşuşar. Şeýle-de, Ştutgartyň garşydaşy “Porto” topary boldy. “Lill” bilenem “Aston Willa” klublary bije çekişdi. “Selta” bilenem “Lion” topary özara duşuşarlar.
Konferensiýa Ligasynda “Şahtýoryň” (Donesk) bäsdeşi “Leh Poznan” bolup, “Fiorentina” pleý-off tapgyryndan soň ýene bir polýak topary – “Rakuw” bilen bije çekişdi. “Kristal Palas” bilen Kipriň “AEK Larnaka” topary duşuşar.
Ýewropa Ligasynyň 1/8 finalynyň bijeleri
Ferenswaroş – Braga
Panatinaikos – Betis
Genk – Fraýburg
Ştutgart – Porto
Nottingam Forest – Midtýullann
Bolonýa – Roma
Lill – Aston Willa
Selta – Lion
Konferensiýa Ligasynyň 1/8 finalynyň bijeleri
Leh Poznan – Şahtýor Donesk
AZ Alkmaar – Sparta Praga
Kristal Palas – AEK Larnaka
Fiorentina – Rakuw Çenstohowa
Samsunspor – Raýo Wallekano
Selýe – AEK Afiny
Sigma Olomous – Maýns
Riýeka – Strasbur
PDF









