UEFA Ýewropa Ligasynda finala çykan toparlar belli bolup, UEFA-nyň 2-nji derejeli klub ýaryşynda iki iňlis kluby çempionlyk duşuşygyna çykar. 1-nji oýunda finala çykmak üçin uly mümkinçilige eýe bolan “Mançester Ýunaýted” bilen “Tottenham” toparlary jogap duşuşygynda-da ýeňiş gazandylar.
“Mançester Ýunaýted” öz meýdançasynda “Atletik Bilbaony” 4-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 1-nji oýunda 3-0 hasabynda asgyn gelen bilbaolylar “Old Trafford”-da Ýauregizaryň uzak aralykdan geçiren owadan goly esasynda öňe saýlandy. Ýöne iňlis kluby oýnuň soňky 20 minutynda 4 gol geçirdi. 72-nji we 90+1-nji minutlarda Meýson Maunt, 80-nji minutda Kazemiro hem-de 85-nji minutda Hýoýlunn tapawutlandy. Şunlukda, “Mançester Ýunaýted” iki oýnuň netijesi boýunça 7-1 hasabynda üstün çykyp, bu ýaryşda 3-nji gezek finala adyny ýazdyrdy. Kubogy 2017-nji ýylda gazanan “Mançester Ýunaýted” 2021-nji ýylda finalda ýeňlipdi.
“Mançester Ýunaýted finalda ýurtdaşy “Tottenham” bilen duşuşar. “Tottenham” ýarym finalyň jogap oýnunda Norwegiýada “Bude-Glimt” toparyndan 2-0 üstün çykdy. Gollary 63-nji we 69-njy minutlarda Dominik Solanke bilen Pedro Porro geçirdi. “Tottenham” topary umumy hasapda 5-1 üstün çykdy. Şunlukda, “Tottenham” topary 41 ýyldan soň UEFA-nyň 2-nji derejeli ýaryşynyň finalynda oýnar. Bu olaryň 4-nji finaly bolup, londonlylar 1972-nji we 1984-nji ýyllarda kubogy eýeledi. 1974-nji ýylda bolsa finalda ýeňildi.
Finalda ýeňiş gazanan topar geljek möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşar. Çempionatda 15-nji we 16-njy orunlarda barýan 2 klubuň finaly aslynda iki topar üçinem elýetmez pursat bolup durýar.
Şu möwsüm iki toparyň “Premier League”-däki duşuşyklarynda “Tottenham” 3-0 we 1-0 hasaplar bilen ýeňiş gazandy.
Bu ýaryşyň çäginde 11-nji gezek bir ýurduň 2 topary finalda duşuşar. Iňlis klublary bolsa 3-nji gezek finalda özara güýç synanyşar.
Final duşuşygy 21-nji maýda Ispaniýanyň Bilbao şäherindäki “San Mames” stadionynda oýnalar.