Ýel we Kolumbiýa uniwersitetleriniň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan Ekologiýa netijeliliginiň görkezijisi (EPI) boýunça täze dünýä reýtinginde Ýewropa döwletleri durnukly ösüş babatda birinji orny eýeledi. Ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny ep-esli azaltmagy hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini işjeň ornaşdyrmagy başaran Estoniýa Respublikasy 75 utuk bilen sanawyň birinji ornuny eýeledi. Sanawda Lýuksemburg (74 utuk) we Beýik Britaniýa (72 utuk) degişlilikde yzygiderli orunlary eýeläp, reýtingiň ilkinji 20 ornunyň agramly bölegini Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar eýelediler.

Hünärmenler reýtingde ýokary netijeler gazanylan hem bolsa, klimatyň üýtgemegine garşy göreşde ähli döwletleriň esasy maksatlara ýetmekden entek uzakdadygyny belleýärler. Ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylary boýunça dünýäde öňdebaryjy döwletler bolan Hytaý we ABŞ 2050-nji ýyla çenli zyňyndylary nola düşürmek baradaky meýilnamalaryndan yza galýarlar.

Bu ugurda ABŞ reýtingde 27-nji, Hytaý 129-njy orny eýeledi. Şol bir wagtyň özünde, senagaty gowşak ösen we girdejisi pes bolan ýurtlar ekologiýa taýdan durnukly ösüşi üpjün etmekde maýa goýumlarynyň ýetmezçiligi sebäpli uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Tebigy gurşawy goramakda belli bir derejede kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan Laos, Hindistan, Bangladeş, Mali we Wiýetnam ýaly döwletler sanawyň soňky hatarlarynda ýerleşdi. Bu ýurtlarda ekologiýa degişli meseleler ilatyň saglygyna öz täsirini ýetirýär. Ekologiýa taýdan durnuklylygy gazanmak üçin dünýä bileleşiginiň, aýratyn hem ösen ýurtlaryň ösüp barýan döwletlere “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmakda goldaw bermeginiň zerurdygy bellenilýär.