Häzirki wagtda Ýewropanyň iň esasy çempionatlarynyň klublarynyň futbolçylary köpüsi dürli ýerlerde, öz dostlary, maşgalalary bilen dynç alýarlar. Sähelçe wagtdan bolsa olaryň dynç alyşlary tamamlanyp (eýýämden tamamlananlary hem bar), täze möwsümiň taýýarlyklaryna başlarlar. Täze möwsüme bolsa käbir ýurtlarda iýul, käbir ýurtlarda-da awgust aýynda badalga berler. Eýsem, haýsy çempionatyň täze möwsümi haçan başlanýar?
Iýul aýynyň dowamynda badalga aljak çempionatlaryň ilkinjisi Russiýanyň “Premýer Ligasydyr”. Russiýanyň çempionatynyň 34-nji möwsümine 18-nji iýulda, anna güni “Dinamo” – “Baltika” duşuşygy bilen badalga berler. Geçen möwsümi “Ýunion Sent-Žilluazyň” 90 ýyldan soň gazanan taryhy çempionlygy bilen tamamlanan Belgiýanyň “Pro Ligasynyň” täze möwsümi 26-njy iýulda başlar. Laýyk 1 hepde soň, ýagny 2-nji awgustda bolsa Şotlandiýanyň “Premiership”-ine badalga berler. Şotlandiýanyň çempionatynyň 129-njy möwsümi bolup, bu görkeziji boýunça olar Angliýadan hem öňde barýar.
8-nji awgust, anna güni Ýewropanyň öňdebaryjy 10 çempionatynda orun alýan Türkiýäniň “Süper Liginiň” 68-nji, Niderlanlandlaryň “Eredivisiesiniň 70-nji, Portugaliýanyň “Premiera Ligasynyň 91-nji, ýagny täze möwsümleriniň başlanýan ilkinji güni bolar.
Ýewropada futbolyň öňdebaryjy 5 çempionatynyň 3-si awgust aýynyň 3-nji hepdesiniň ahyrynda başlar. Ýagny çempionatlaryň iň naýbaşysy Angliýanyň “Premier Ligasynyň” 34, umumylykda iňlis futbolynyň iň ýokary ligasynyň 127-nji möwsümi, Ispaniýanyň çempionaty “La Liganyň” 95-nji möwsümi hem-de Fransiýanyň çempionaty “Ligue 1”-iň 88-nji möwsüminiň ilkinji duşuşyklary 15-nji awgustda, anna güni oýnalar. Angliýanyň çempionatynda täze möwsümiň ilkinji oýnunda soňky çempion “Liwerpul” öz meýdançasynda “Bornmuty” kabul eder.
Iň soňky başlanjak çempionatlar Germaniýa bilen Italiýanyň ýokary ligalary bolup, “Bundesliganyň” 63-nji möwsüminiň ilkinji duşuşygy 22-nji awgustda “Bawariýa” bilen “Leipsigiň” arasynda bolar. Şeýle-de, “Serie A”-nyň 94-nji, umumylykda Italiýanyň çempionatynyň 124-nji möwsüminiň ilkinji duşuşyklary 23-nji awgustda oýnalar.
18-nji iýul (anna) – Russiýanyň çempionaty (Premýer Liga)
26-njy iýul (şenbe) – Belgiýanyň çempionaty (Pro League)
2-nji awgust (şenbe) – Şotlandiýanyň çempionaty (Premiership)
8-nji awgust (anna) – Türkiýäniň çempionaty (Süper Lig)
8-nji awgust (anna) – Niderlandlaryň çempionaty (Eredivisie)
8-nji awgust (anna) – Portugaliýanyň çempionaty (Premiera Liga)
15-nji awgust (anna) – Angliýanyň çempionaty (Premier League)
15-nji awgust (anna) – Ispaniýanyň çempionaty (La Liga)
15-nji awgust (anna) – Fransiýanyň çempionaty (Ligue 1)
22-nji awgust (anna) – Germaniýanyň çempionaty (Bundesliga)
23-nji awgust (şenbe) – Italiýanyň çempionaty (Serie A)
23-nji awgust (şenbe) – Gresiýanyň çempionaty (Super League)