15-nji awgustda Polşanyň Kuýawsko-Pamor welaýatynyň Torun şäheriniň golaýyndaky Konotopýe obasynda Ýewropada iň beýik Merýem enäniň heýkeliniň dabaraly açylyşy we keramatlandyryş dabarasy geçiriler. Rim-katolik buthanasy tarapyndan bellenilýän esasy dini baýramlaryň birine gabatlanan bu dabaraly çäre ýepiskop Kşiştof Wentkowskiniň ýolbaşçylygynda geçiriler. Polat we betondan ybarat bolan bu binagärlik desgasynyň umumy beýikligi 55,6 metre ýetýär. Bu bolsa Rio-de-Žaneýrodaky meşhur Isus Hristos heýkelinden hem beýikdir. Dünýäde iň uly dini ýadygärlik bolsa Filippinlerde ýerleşýän “Aziýanyň enesi – parahatçylyk diňi” heýkeli bolup, onuň beýikligi binasy bilen bilelikde 98 metrden gowrakdyr.

Gurluşyk işleri 2025-nji ýylda mülkdar Adam Ýakub Mateýkowskiniň taslamasy boýunça başlandy. Taslama telekeçi Roman Karkosik we onuň ýanýoldaşy Graşina tarapyndan haýyr-sahawat hökmünde bölünip berlen serişdeleriň hasabyna amala aşyryldy. Desganyň gurluşygyna, takmynan, 100 million zlot (23 million ýewrodan gowrak) sarp edildi.

Obanyň häkimi Meçislaw Grembiski bu wakanyň diňe bir obanyň däl, eýsem tutuş ýurduň durmuşynda uly ähmiýete eýedigini hem-de sebite eýýäm köpsanly syýahatçylaryň we zyýaratçylaryň gelip başlandygyny belledi. Şonuň bilen birlikde, ýol-ulag we durmuş düzümlerini kämilleşdirmek boýunça degişli işleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Kikol şäheriniň keramatly Woýçeh buthanasynyň wekilleri bu monumental binanyň esasy maksadynyň ruhy hem-de ynam gymmatlyklaryny berkitmekden ybaratdygyny nygtaýarlar.