“Toyota”-nyň dünýäniň köp ýurduna ýaýran “Corolla” modeliniň Ýewropada öndürilmegi meýilleşdirilýär. Geljek ýyldan başlap ýangyjy tygşytlamakda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän “Corolla Cross” gibrid ulagynyň esasy bölegi ýapon kompaniýasynyň Angliýadaky hem-de Polşadaky zawodlarynda öndüriler. Täze 5-nji nesil gibrid motor we geçiriji gutular Türkiýede hem-de Angliýada öndürilýän “Corolla” modellerine oturdylar. Kompaniýa önümçiligiň täze neslini ýola goýmak üçin Polşadaky zawodynda 77 million ýewro, Angliýada zawodynda 541 müň ýewro maýa goýum goýlar. Gobrid hereketlendirijiniň iş göwrümi 1,8 litr bolup, benzin ýangyjy bilen işlär. Bu model ilkinji gezek Uzak Gündogar bazaryna hödürlemek üçin 2020-nji ýylda öndürilipdi.
“Corolla Cross”-daky gibrid tehnologiýa has ýeňil, ykjak we kuwwatly bolup, elektrik energiýasy bilen işleýän motory hem bar. Bu bolsa ulagyň howa ýetirýän zyýanyny görnetin azaltmaga ýardam edýär. Bu ulagyň kuwwaty 140 at güýjüne barabar bolup, 0-100 km/sagat tizlige 9,2 sekuntda ýetýär.
Atakişi Saparalyýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
PDF









