Ýerasty uglerod ammaryny gurar

73

Ger­ma­ni­ýa­da ýe­ras­ty ug­le­rod sak­la­ýan des­ga­lar gur­lar. Ho­wa­nyň maý­la­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak bi­len bag­ly dur­mu­şa ge­çi­ril­jek şeý­le tas­la­ma­lar üçin gel­jek ýyl tä­ze ka­nu­nyň tek­lip edil­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri Ro­bert Ha­bek ýe­ras­ty ug­le­rod am­ma­ry­nyň gu­rul­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­mä­ge de­giş­li ka­nu­nyň tas­la­ma­sy­nyň par­la­men­te hö­dür­len­jek­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le hem ýurt­da ug­le­ro­dyň bö­lü­nip çy­ka­ryl­ma­gy­ny azal­dan hi­mi­ýa we po­lat önüm­çi­li­gi ýa­ly köp ener­gi­ýa ta­lap ed­ýän eda­ra-kär­ha­na­la­ryň ug­le­ro­dy azal­dan ýag­da­ýyn­da 15 ýyl­lyk ýe­ňil­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi hem göz öňün­de tu­tul­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da ho­wa­da­ky ug­le­ro­dy tut­ýan we ony gaý­ta­dan iş­län­den soň­ra se­na­gat­da ulan­ýan teh­no­lo­gi­ýa iş­le­nip taý­ýar­lan­ýar. Bu teh­no­lo­gi­ýa önüm­çi­lik­de kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň ho­wa goý­be­ril­mez­den tu­tul­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Soň­ra bol­sa, bu ug­le­ro­dy gaz­ly iç­gi­le­riň önüm­çi­li­gin­de, ýy­la­dyş­ha­na­la­ryň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyk­mak­da peý­da­la­nyp bol­ýar. Kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň şeý­le teh­no­lo­gi­ýa ar­ka­ly ho­wa goý­be­ril­me­gi­niň öňü­niň alyn­ma­gy­nyň daş­ky gur­şaw üçin peý­da­ly bol­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär.

Je­ren Hu­daý­na­za­ro­wa, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by