Hä­zir­ki wagt­da Ýew­ro­pa­da sa­tyl­ýan elekt­rou­lag­la­ryň kö­pü­si Hy­taý­da im­port edil­ýär. Hy­ta­ýyň elekt­rou­lag önüm­çi­li­gin­de öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­sy BYD Ýew­ro­pa­da za­wod gur­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. kom­pa­ni­ýa­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li we­ki­li Li Ke Ýew­ro­pa­da il­kin­ji aw­tou­lag za­wo­dy­ny gur­ma­ga taý­ýar­lyk gör­ýän­dik­le­ri­ni, se­bit­de iki sa­ny önüm­çi­lik des­ga­sy­nyň gu­rul­ma­gy­nyň me­ýil­leş­di­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy.
BYD Ýew­ro­pa­nyň köp ýur­dun­da “At­to 3” we “Tang” at­ly SUV ulag­la­ry­ny hem-de “Han” at­ly sport ula­gy­ny sa­tu­wa çy­kar­ma­gy hem göz öňün­de tu­tul­ýar.
Hy­taý­ly önüm ön­dü­ri­ji­ler Ýew­ro­pa­da za­wod gur­ma­gyň ulag­la­ry da­şa­mak üçin sarp edil­ýän çyk­da­jy­la­ry azalt­ma­ga ýar­dam et­jek­di­gi­ni bel­le­ýär.

Göw­her Gy­lyç­my­ra­do­wa, Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.