“Airbnb” platformasynyň seljermelerine görä, häzirki wagtda syýahatçylaryň, aýratyn-da “Z” nesliniň (1997-nji ýyldan soňra doglanlar) wekilleriniň arasynda Italiýa, Fransiýa, Ispaniýa we Germaniýa ýaly ýurtlaryň oba ýerlerine bolan isleg çalt depginlerde artýar. Adaty syýahatçylyk nokatlaryndan daşlaşyp, täze we näbelli ýerleri gözleýänler üçin Ispaniýanyň Alikante welaýatyndaky XVIII asyryň gowak-öýleri bilen meşhur Rohales obasy, şeýle hem Fransiýanyň “Wogezleriň merjeni” diýlip atlandyrylýan Žerarme şäherçesi iň gelim-gidimli ýerleriň hataryna girdi. Bu ýerlerde syýahatçylar taryhy ýadygärlikler bilen tanyşmakdan başga-da, kölleriň kenarynda gezelenç etmek we dag ýodalarynda sport bilen meşgullanmak mümkinçiligini tapýarlar.
Germaniýanyň Braunlage dag-şypahana merkezi we Italiýanyň Brikson hem-de Arko şäherçeleri hem iň gyzykly ugurlaryň sanawyna goşuldy. Braunlage tomusda pyýada gezelenç we dag welosiped sporty, gyşda bolsa lyža sürmek üçin amatly şertleri hödürleýän bolsa, Italiýanyň demirgazygyndaky Bressanone (Brikson) şäherçesi özüniň gadymy merkezi we ÝUNESKO-nyň sanawyna giren Dolomit Alp daglaryna açylýan görnüşleri bilen tapawutlanýar. Garda kölüniň golaýyndaky Arko şäherçesi bolsa orta asyr galalaryna we dag ýodalaryna syýahat etmek isleýänler üçin iň oňat “gizlin hazynalaryň” biri hasaplanýar. Bu ýerleriň meşhurlygynyň sebäbi – häzirki zaman syýahatçylarynyň köpçülikleýin barylýan ýerlerden uzaklaşyp, has ümsüm we özboluşly oba künjeklerini saýlap alýandygyndadyr.