Bü­tin­dün­ýä ban­ky glo­bal yk­dy­sa­dy ösü­şiň ozal­ky çak edi­li­şin­den has ýo­ka­ry bol­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Ma­li­ýe eda­ra­sy­nyň ýan­war aýyn­da­ky mag­lu­ma­tyn­da dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň gel­jek iki ýy­lyň do­wa­myn­da dur­nuk­ly bol­ma­gyn­da gal­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Ban­kyň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ge­çen ýyl glo­bal yk­dy­sa­dy­ýet 2,7 gö­te­rim ýo­kar­la­nyp­dyr. Bu gör­ke­zi­ji­niň üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da 2,6 gö­te­rim, 2027-nji ýyl­da 2,7 gö­te­rim bol­jak­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Mun­dan ozal, iýun aýyn­da ýaýradylan maglumatda dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň 2026-njy ýyl­da 2,4 gö­te­rim, geljek ýyl­ 2,6 gö­te­rim ösmegine garaşylýandygy bel­le­ni­lip­di.
Ýurt­lar ba­ra­da aý­dy­lan­da, ABŞ-nyň ösüş çak­la­ma­sy 1,6 gö­te­rim­den 2,2 gö­te­ri­me ýe­ti­ril­di. Ýew­ro se­bi­tin­dä­ki ösüş bol­sa, 0,8 gö­te­rim­den 0,9 gö­te­ri­me ýe­ti­ril­di. Sebitde gel­jek ýyl­ky ösüş 1,2 gö­te­rim bo­lar. Maglumatda Hy­ta­ýyň yk­dy­sa­dy ösü­şiniň 2026-njy ýyl­da 4 gö­te­rim­den 4,4 gö­te­ri­me, gel­jek ýyl 3,9 gö­te­rim­den 4,2 gö­te­ri­me çyk­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýan­dy­gy bel­le­nil­di.

Ogulgerek Işangulyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.