Şwesiýanyň Korollyk ylymlar akademiýasy 2025-nji ýylyň Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragyny innowasiýa we tehnologiki ösüşiň jemgyýetleriň baýlaşmagyna nähili kömek edýändigini düşündiren alymlar Joel Mokyra, Filipp Agiona we Piter Howitte berdi.
Amerikan alymy Joel Mokyr, tehnologiki ösüş arkaly durnukly ösüşe zerur şertleri kesgitlänligi üçin baýraga eýe boldy, fransuz ykdysatçysy Filipp Agiýon we kanadaly alym Piter Houitt bolsa “döredijilikli böwsüş” arkaly durnukly ösüş nazaryýeti üçin sylaglandy. Baýrak eýeleri innowasiýalaryň mundan beýläk-de ösüşe itergi berýändigini tassykladylar.
“Soňky iki asyryň dowamynda dünýä taryhda ilkinji gezek yzygiderli ykdysady ösüşe şaýat boldy. Bu köp sanly adamy garyplykdan çykardy we gülläp ösmegimiziň düýbüni tutdy” diýip, Şwesiýanyň Ylymlar akademiýasy bu ýylky baýraga baha berdi.
Baýrak eýeleriniň barlaglary täze tehnologiýalaryň uzak möhletleýin ykdysady ösüşe nähili goşant goşýandygyny görkezýär. Mokir durgunlykdan durnukly ösüşe geçmegiň sebäplerini açmak üçin taryhy çeşmelerden peýdalanypdyr. Ol üznüksiz innowasiýa prosesine diňe bir amaly bilimler däl, eýsem, tehnologiýanyň işleýşine ylmy taýdan düşünmegiň hem zerurdygyny subut etdi. Agion we Houitt döredijilik weýrançylygynyň matematik modelini işläp düzdiler. Bu prosesde täze önümler köne tehnologiýalary gysyp çykarýar.
Baýrak 11 million şwed kronuna deň bolup, onuň ýarysyny Mokyr alar, galan ýarysyny bolsa, Agion we Houitt deň paýlaşar. Ykdysadyýet baýragy, adatça oktýabr aýynyň başynda geçirilýän Nobel hepdeligini tamamlaýar.