2026-njy ýylyň ykdysadyýet boýunça Nobel baýragyna amerikaly alymlar Robert Ernest Holl we Maýkl Wudford mynasyp boldy. Nobel komiteti tarapyndan yglan edilen bu abraýly baýrak alymlara «makroykdysady durnuklaşdyrmanyň mikroykdysady esaslary» baradaky möhüm ylmy işleri üçin berildi. Şu ýylky pul baýragynyň möçberi 12 million şwed kronyna (takmynan 1,2 million dollar) barabar bolup, baýraklary gowşurmak dabarasy däp bolşy ýaly, 10-njy dekabrda – Alfred Nobeliň aradan çykan gününde geçiriler.
Alymlar öz barlaglarynda ykdysadyýetdäki ýagdaýlary seljermekde diňe bir umumy statistik görkezijilere – inflýasiýanyň derejesine, önümçiligiň ýa-da sarp edilişiň umumy möçberine daýanmagyň ýeterlik däldigini subut etdiler. Olar mikroderejäni, ýagny aýry-aýry öý hojalyklarynyň we hususy kärhanalaryň kabul edýän çözgütleriniň hem-de ähli hereketleriniň umumy makroykdysady ýagdaýy nähili emele getirýändigini we bütin ulgamyň durnuklylygyna nähili täsir edýändigini öwrenmegiň wajypdygyny görkezdiler.
Ykdysadyýet boýunça baýragyň yglan edilmegi bilen adaty Nobel hepdeligi öz işini jemledi. Ýatlap geçsek, geçen ýyl bu abraýly baýrak «ykdysady ösüş bilen tehnologik ösüşiň arasyndaky özara baglanyşygy öwrenendikleri üçin» Joel Mokire, Filipp Agýona we Piter Hauite berlipdi.
PDF








