29-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Aşgabat-Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 203 kilometrlik «Aşgabat-Tejen» böleginiň açylyş dabarasy geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, ýokary wezipeli daşary ýurtly myhmanlar, hususan-da Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary, Yslam Ösüş Bankynyň, Aziýanyň Ösüş Bankynyň, Ýewropanyň Abatlaýyş we Ösüş Bankynyň sebitleýin we ýurt boýunça wekilleri, «Hyundai Corporation» kompaniýasynyň wise-prezidenti, Azerbaýjanyň, Eýranyň we Türkiýäniň halkara ýük daşaýjylary birleşikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň işe girizilmegi ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr ulag düzümini hem-de döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.
Ýokary tizlikli awtomobil ýoly Türkmenistanyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberini ep-esli artdyrmaga we gatnawlary çaltlandyrmaga amatly şertleri döreder. Şunuň bilen baglylykda, goňşy Özbegistan bilen ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmekde uly mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen baglanyşdyrýan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna sepleşmegi ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik döreder.
Gurluşygyň meýilnamasyna laýyklykda, awtoban alty hereket zolagyndan ybaratdyr. Onuň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metr, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 11,25 metr, hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metrdir. Munuň özi dünýäde şeýle desgalara bildirilýän talaplara laýyk gelýär.
Ýoluň hereket bölegi biri-birinden ýörite zolak arkaly bölünipdir. Her ugurda hereket zolagyna adatdan daşary ýagdaýlar üçin zolak, suwly ganaw hem-de haýwanlaryň we adamlaryň hereket zolagyna çykmagynyň öňüni almak üçin niýetlenen metal germewler sepleşýär.
Ýol örtügi birinji derejeli täze awtoban döwrebap serişdelerden — ýokary hilli asfalt-betondan, sintetik örtükden, geogözeneklerden, torlardan we awtomobil ýolunyň netijeli gatlarynyň mäkämligini artdyrýan beýleki serişdelerden ybarat bolup olar ýol örtüginiň we köp gatly ýer düşeginiň göterijilik ukybyny artdyrmak üçin ulanylýar.
Ýokary tizlikli awtomobil ýoly Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinde gurlan çatrykdan başlanýar. Bu ýerde elektron tölegi hem göz öňünde tutýan töleg merkezleri, ýol gözegçilik gullugynyň nokady, dynç almak üçin niýetlenen meýdançalar ýerleşýär.
Ýokary tizlikli ýolda tehniki hyzmatlar üçin awtomobil hyzmat merkezleriniň 10-sy meýilleşdirildi. Ýol hereketi ýörite ulgam arkaly dolandyrylar. Bu ulgamyň çäklerinde ýokary tizlikli awtomobil ýol gözegçilik gullugynyň esasy maglumatlary iberiler we ýatda saklanar. Bu işler ýapyk aýlawly teleýaýlym ulgamy arkaly ýerine ýetiriler. Şeýle hem şol ýere meteorologiýa bekedinden ýoluň çyglylygy, görnüş aralygy baradaky we beýleki maglumatlar iberiler.
Baş potratçy bolup çykyş edýän “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça ýoluň gurluşygynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işini «Ata Melhem» hususy kärhanasy, “Edermen” we “Altyn nesil” hojalyk jemgyýetleri bilelikde amala aşyrýarlar.
Umumy bahasy ABŞ-nyň 2 milliard 300 million dollaryna barabar bolan bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine döwletimiz tarapyndan serişdeleriň bölünip berilmegi ýurdumyzda kuwwatly, bäsdeşlige ukyply hem-de durmuş ugurly işewürlige, onuň ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr
Täze ýoluň gurluşygyna 2019-njy ýylyň başynda badalga berildi. Onuň 1-nji tapgyrynyň, ýagny uzynlygy 203 kilometr bolan Aşgabat — Tejen aralygynyň gurluşygy doly ýerine ýetirildi.
Ýokary tizlikli ýoluň 2-nji tapgyryny (Tejen — Mary aralygy) 2022-nji ýylda, 3-nji tapgyryny (Mary — Türkmenabat aralygy) bolsa 2023-nji ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Täze ýoluň ugrunda ýolagçylardyr sürüjiler üçin ähli amatly şertler döredilip, söwda merkezleridir naharhanalar we myhmanhanalar, inženerçilik desgalary bina edildi .
Ýoluň ugrunda döwrebap elektron töleg terminallary, wideogözegçilik enjamlary, tizlik ölçeýjiler, aragatnaşyk nokatlary, Gün batareýaly yşyklandyryş sütünleri oturdyldy.
Mundan başga-da, köp sanly köprüler, ýerasty we ýolüsti geçelgeler, suw geçirijiler, ýangyç guýujy beketler gurlup, daşky gorag gözenekleri çekildi. Hereket howpsuzlygyny üpjün etmek üçin halkara standartlara laýyk gelýän çyzgylar çyzylyp, ýol belgileri ýerleşdirildi .
Awtobanlar tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň esasy aýratynlygy onuň diňe ýokary tizlikli hereket üçin niýetlenendiginden ybaratdyr. Şoňa görä-de, bu ýokary tizlikli ýol beýleki ýollar, şol sanda awtomobil ýollary ýa-da bir derejedäki welosiped ýodajyklary bilen kesişmeýär.
Bellenen möhletlerde ýoluň uzaboýuna toprak, geotekstil düşeklerini ýazmak, çagyl-çäge garyndysyny düşemek işleri ýerine ýetirildi. Inženerçilik talaplaryna laýyklykda, 1-nji hem-de 2-nji gat daş düşeginiň hersiniň galyňlygy 30 santimetr bolup, 3-nji hem-de 4-nji gatlara, degişlilikde, 20 santimetrden düşeldi, ýagny daş-çagyl düşeginiň jemi galyňlygy 1 metre barabardyr. Mundan başga-da, ýoluň gurluşygynda 3 gat asfalt düşemek işleri ýerine ýetirildi. Olaryň her biriniň galyňlygy, degişlilikde, 10, 7 we 5 santimetre barabardyr.
Şu aralykda dürli görnüşli köprüleriň, ýerasty geçelgeleriň, ýolüsti geçirijileriň, trampedlerdir (uly ýola münelge-düşelgeler) monolit köprüleriň gurluşyklary doly ýerine ýetirildi. Dürli ölçegdäki suw geçirijileriň 76-sy, mallary geçirmek üçin ötükleriň 10-sy, oba hojalyk tehnikalary üçin ötükleriň 17-si guruldy.
Demir päsgelçilik germewi hem-de daşky gorag gözenegi çekildi. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin halkara standartlara laýyk çyzgylar çyzylyp, ýol belgileri ýerleşdirildi. Gözegçilik, aragatnaşyk we dolandyryş ulgamy döwrebap enjamlaşdyryldy. Şeýle-de ýol ugrunda uly we kiçi töleg terminallary ornaşdyryldy. Ulag serişdelerine hyzmat ediş zolaklary, ýangyç guýujy beketler guruldy.