Buker baýragynyň guramaçylary 2026-njy ýylyň baýragyna dalaşgärleriň uzyn sanawyny (long-list) köpçülige ýetirdiler. Dünýä boýunça uly abraýa eýe bolan bu baýraga ýedi ýurtdan 13 eser hödürlenip, olaryň köp bölegine Beýik Britaniýanyň wekilleri mynasyp boldy. Emin agzalarynyň düzümine ýazyjy Raýmond Antrobus, sazanda Jarwis Koker, žurnalist Rebekka Lýu we ýazyjy Patrisiýa Lokwud ýaly meşhur şahsyýetler girdi. Baýragyň gysga sanawynyň (short-list) sentýabr aýynyň 22-sine neşir edilmegine, ýeňijiniň bolsa noýabr aýynyň 9-yna yglan edilmegine garaşylýar.
Bäsleşigiň uzyn sanawyna Hloýa Arijisiň «Jisimiň kölegesi» (The Shadow of the Object), Emma Klaýnyň «Switzy» (Switzy), Makenna Gudmanyň «Hiç ýerli Ýelena» (Helen of Nowhere), M. Jon Harrisonyň «Hemme zadyň soňy» (The End of Everything), Marlon Jeýmsiň «Ýitenler» (The Disappearers), Lýuk Kennardyň «Gara torba» (Black Bag), Kenan Orhanyň «Dikeldiş» (The Renovation), Rebekka Perriniň «Patyşany naharlandyr» (May We Feed the King), Gwendolin Raýlyň «Palma jaýy» (The Palm House), Elizabet Strautyň «Biziň hiç wagt aýtmaýan zatlarymyz» (The Things We Never Say), Duglas Stýuartyň «Jonuň Jony» (John of John), Jamel Waýtyň «Itleriň hemmesi» (All Them Dogs) hem-de Missuri Williamsyň «Wiwisektorlar» (The Vivisectors) diýen eserleri girizildi.
Sanawa giren awtorlaryň arasynda tejribeli halypalar bilen bir hatarda täze ýazyjylar hem bar. Dalaşgärleriň arasynda 2015-nji ýylda «Ýedi ölümiň gysgaça taryhy» eseri üçin baýraga mynasyp bolan Marlon Jeýms we 2020-nji ýylda «Şaggi Beýn» atly ilkinji romany bilen ýeňiji bolan Duglas Stýuart ýaly öňki ýyllaryň iki sany ýeňijisi ýer alýar. Meşhur amerikan ýazyjysy Elizabet Straut üçin bu baýraga dalaşgärlik eýýäm üçünji gezekdir. 81 ýaşly M.Jon Harrison ýeňiş gazanan ýagdaýynda Buker baýragynyň taryhynda iň uly ýaşly ýeňiji hökmünde hasaba alynar. Şeýle hem bu ýylky uzyn sanawa ilkinji gezek eser ýazan üç awtor – amerikaly Makenna Gudman, irlandiýaly Jamel Waýt we türk-amerikan kyssaçysy Kenan Orhan girdi.
Ýatladyp geçsek, Buker baýragy 1968-nji ýylda esaslandyrylyp, ilkinji gezek 1969-njy ýylda gowşuryldy. 2014-nji ýyldan bäri girizilen düzgünlere görä, eser iňlis dilinde ýazylan we Beýik Britaniýada çap edilen bolsa, islendik ýurduň awtorlary bu abraýly baýraga dalaş etmäge hukuk gazanýarlar.
PDF









