Ýolagçy we ýük dronlary ulanylar

160

“Ai­ro­bo­tics” kom­pa­ni­ýa­sy Abu Da­bi şä­he­rin­de ha­ryt­la­ryň ho­wa ar­ka­ly da­şa­ma­gyň tä­ze usu­ly­ny üp­jün eder. Hut şu mak­sat bi­len “Sky­Go” kom­pa­ni­ýa­sy bi­len ba­ha­sy 3,5 mil­li­on dol­lar bo­lan şert­na­ma bag­la­şyl­dy. Şeý­le­lik­de, kom­pa­ni­ýa­lar ha­ryt­la­ryň dron­lar ar­ka­ly da­şal­ma­gy ug­run­da hyz­mat­daş­lyk eder­ler. Kom­pa­ni­ýa­lar Abu Da­bi­niň hem­me ýe­rin­de jem­gy­ýet­çi­lik hyz­ma­ty üçin il­kin­ji ge­zek “Şä­her pi­lot­syz uçar inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny” ýer­leş­dir­mek üçin bi­le­lik­de iş alyp ba­rar­lar. Tas­la­ma üçin güýç­li müm­kin­çi­lik­le­re eýe bo­lan öz­baş­dak pi­lot­syz uçar plat­for­ma­sy bo­lan “Ai­ro­bo­tics Op­ti­mus Sys­tem” ula­ny­lar. Bu ul­ga­myň dün­ýä­niň beý­le­ki iri şä­her­le­ri üçin nus­ga bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.
“Ai­ro­bo­tics” we “Sky­Go” ýa­kyn ýyl­lar­da Abu Da­bi­de 20-den gow­rak pi­lot­syz uçar ul­ga­my­ny ýer­leş­dir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär­ler. Kom­pa­ni­ýa ze­rur tas­syk­la­ma­lar we rug­sat­lar al­nan­dan soň­ra pi­lot­syz uçar­la­ryň se­na­gat we şä­her ýer­le­ri­ne ýer­leş­di­ril­jek­di­gi­ni, şol san­da jem­gy­ýet­çi­lik hyz­mat­la­ry­ny dur­nuk­ly we göw­rüm­li gör­nüş­de üp­jün et­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Öz­baş­dak he­re­ket edip bil­ýän ki­çi göw­rüm­li bu ho­wa gä­mi­le­ri dür­li mak­sat­lar üçin ula­ny­lar.
“Ai­ro­bo­tics”-iň esas­lan­dy­ry­jy­sy Meýr Kli­ner, “Sky­Go”-nyň ba­za­ry we ama­ly tej­ri­be­si we “Ai­ro­bo­tics”-iň berk teh­no­lo­gi­ýa plat­for­ma­sy­nyň bir­leş­me­gi­niň güýç­li hyz­mat­daş­ly­ga müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ne bil bag­la­ýar. “Sky­Go”-nyň baş di­rek­to­ry Mu­ham­met Al Da­he­ri 2023-nji ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de ho­wa dron­la­ry ar­ka­ly da­şal­jak ha­ryt­la­ryň il­kin­ji müş­de­ri­le­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýan­dy­gy­ny mä­lim et­di.

Ah­met Ab­dy­re­ýi­mow, Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by