«Luft­han­sa» to­pa­ry­na de­giş­li bo­lan 850 tö­we­re­gi ýo­lag­çy uça­ry­nyň äh­li­sin­de «Star­link»-iň in­ter­ne­ti el­ýe­ter­li edi­ler. Şu ýy­lyň do­wa­myn­da awia­kom­pa­ni­ýa­nyň hä­zir­ki bar bo­lan hem-de in­di sa­tyn alyn­jak uçar­la­ry ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net bi­len üp­jün edi­lip baş­la­nar. Şeý­le­lik­de, ýo­lag­çy­lar wi­deo to­ma­şa edip, in­ter­net bi­len bag­ly iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­ti­rip bi­ler­ler. Bu hyz­mat äh­li ýo­lag­çy­la­ra tö­leg­siz hö­dür­le­ner.
Iri kom­pa­ni­ýa­la­ryň kö­pü­sin­de ýo­lag­çy­la­ra in­ter­net hyz­ma­ty hö­dür­len­ýär. Mu­nuň üçin adat­ça kos­mos in­ter­ne­tin­den peý­da­la­nyl­ýar. «Luft­han­sa» Ýew­ro­pa­da iň köp uça­ry­ny in­ter­net bi­len üp­jün eden kom­pa­ni­ýa bo­lar. «SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy­na de­giş­li bo­lan «Star­link» ul­ga­my eme­li hem­ra­lar ar­ka­ly ýo­ka­ry hil­li in­ter­ne­ti üp­jün ed­ýär.

Gurban Gurbanow,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, maýor.