Soňky ýyllarda klimatyň özgermegi sebäpli ähli pasylda howa has yssy bolýar. Bu ýagdaý tomus paslynda has hem ýiti ýüze çykýar. Ispaniýanyň Hökümet başlygy Pedro Sançes geljek ýylyň tomsundan başlap, aşa yssy günlerde adamlaryň girip, salkynlamagy we rahat wagt geçirmekleri üçin salkyn howaly otaglaryň guruljakdygyny mälim etdi. Sançes Madridde geçirilen maslahatda eden çykyşynda, indi, yssy howa akymynyň seýrek gaýtalanmaýandygyna ünsi çekip, iýundan awgusta çenli yssy günleriň köp bolýandygyny belledi. Bellenilişi ýaly, Ispaniýada şu ýyl taryhdaky iň yssy tomus aýlary hasaba alyndy. Ýurduň Döwlet meteorologiýa agentliginiň (AEMET) maglumatyna görä, awgust aýynda 16 gün aşa yssy howa akymy bolup, temperatura 45 derejeden geçipdir.
Sançes şeýle yssy günlerde ýurduň ähli ýerinde guruljak salkyn otaglaryň hemme üçin açyk boljakdygyny mälim etdi. Bu “gaçybatalgalaryň” hökümet tarapyndan maliýeleşdiriljekdigi bellenildi.
Häzirki wagtda ýurduň Katalunýa, Bask sebiti we Mursiýa ýaly ýerlerinde ýerli häkimiýetler tarapyndan gurlan şeýle otaglar bar. Katalunýa sebitiniň merkezi şäheri Barselonada kitaphanalar, muzeýler, sport desgalary we söwda merkezleri ýaly ýerlerde 400 sany şeýle “gaçybatalga” bar.
Serginledijiler bilen üpjün edilen bu otaglarda oturmak üçin rahat oturgyçlar we tölegsiz içimlik suw bar. Bu bolsa, garrylar, çagaly maşgalalar we beýleki adamlar üçin uly ýeňillik döredýär.
Sançes klimatyň üýtgemeginiň öňüni almak bilen bagly maksatnamanyň çäklerinde kiçi etraplarda siliň öňüni almaga degişli taslamalaryň hem mäliýeleşdiriljekdigini mälim etdi. Bu sebitlerde ýangynyň öňüni alyş taslamalary üçin 20 million ýewronyň bölünip beriljekdigi aýdyldy.
Bu baradaky teklipler ýurduň parlamentiniň aşaky palatasy bolan Wekiller palatasyna hödürlener.
PDF









