12-nji oktýabrda Estoniýanyň täze saýlanan Prezidenti Ýulle Madize paýtagt Tallin şäherinde ýerleşýän Parlamentiň (Riýgikogu) binasynda kasam kabul edip, Alar Karisiň ornuna ýurduň Baştutany wezipesine girişdi. Şeýlelikde, 51 ýaşly Ýulle Madize Estoniýanyň garaşsyzlygy gaýtadan dikeldilenden bäri altynjy Prezidenti we bu ýokary wezipäni eýelän ikinji zenan boldy. Ol mundan ozal Prezidentiň hukuk geňeşçisi we 2015-nji ýyldan bäri Adalat kansleri wezipesinde zähmet çekipdi.
Täze Baştutan 2-nji sentýabrda geçirilen saýlawlarda 101 orunlyk parlamentde 71 deputatyň goldawyna eýe bolup, Prezidentlige saýlandy. Estoniýanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, dalaşgär ýurduň Ýokary kanun çykaryjy organynyň deputatlarynyň azyndan üçden iki böleginiň, ýagny 68-den az bolmadyk sesini toplamaly bolup durýar.
Kasam kabul ediş dabarada eden çykyşynda Ýulle Madize Estoniýanyň her bir ýaşaýjysynyň öz zähmeti, döredijiligi we kimdigi üçin gadyrlanýandygyny duýmalydygyny, şeýle hem gyzyklanmalaryna, garaýyşlaryna we diline garamazdan, özüni ýurt bilen bir bütewi ýaly duýmalydygyny belledi. Şeýle hem ol ýurduň milli özboluşlylygyny saklamagyň we ösüşini dowam etdirmegiň özara ynamyň, geljege bolan umydyň we batyrlygyň esasynda mümkindigini nygtady.
Dünýädäki durnuksyzlyga garamazdan, täze Prezident ilaty parahatçylygy saklamaga, milli goranyşy pugtalandurmaga, Baltika, Demirgazyk Ýewropa ýurtlary we Polşa bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga çagyrdy. Ol oýlanyşykly çözgütleri kabul etmegiň wajypdygyny bellenip, geljegiň adamlaryň öz döredijilikli zähmetine baglydygyny hem-da öňde durýan mümkinçiliklerden paýhasly peýdalanmalydygyny aýratyn nygtady.
PDF








