«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi «Ro-Ro» görnüşli iki sany demir ýol paromlarynyň we bir sany gury ýük daşaýan gämisiniň gurluşygy boýunça taslamalaşdyrmak, enjamlar bilen üpjün etmek hem-de gämi gurluşygyny dolandyrmak barada bäsleşik yglan etdi. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berildi.
Gämiler «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlar. Bu taslamanyň maksady, milli deňiz söwda flotunyň mümkinçiliklerini we netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ýurduň gämi gurluşyk mümkinçiligini ösdürmek bolup durýar. Bu taslama deňiz ulag pudagynyň durnukly ösüşini gazanmakda we Türkmenistanyň ykdysadyýetini hem-de ykdysady işi diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilip, ýurdy ösdürmegiň umumy strategiýasyna goşant goşar.
Bäsleşik Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň gämileriniň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Yslam Ösüş Bankynyň hem-de OPEK halkara ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde yglan edildi.
Ozal bu zawodda iki sany «Ro-Ro» paromy we gury ýük daşaýjy gämi gurlupdy.