Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly milli bank ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bank ulgamyna sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy iş tejribesini we täzeçil usullary ornaşdyrmak, milli töleg ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek we mümkinçiliklerini artdyrmak, banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ulgamyň işiniň döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmagy, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny, innowasion ösüşini, onuň ählumumy ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyny üpjün etmäge ýardam berýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda karz edaralary tarapyndan hödürlenilýän döwrebap sanly hyzmatlaryň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar. Sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Halkbank terminal», «Galtaşyksyz töleg», «VISA Virtual», «Menzilara bank», «Sanly kart», «Sanly töleg», «Sanly karz» ýaly hyzmatlar arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmek üçin giň mümkinçilikler döredilendir. Bu onlaýn hyzmatlaryň kömegi bilen karzlary resmileşdirmek, bank hasaplaryna gözegçilik etmek, elektron göçürmelerini almak we elektron töleg tabşyryklaryny taýýarlamak, täze bank kartlaryny açmak, pul geçirimlerini amala aşyrmak ýaly amallary ýerine ýetirip bolýar.
«VISA Virtual» bank karty
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan milli töleg ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde hem-de müşderilere onlaýn görnüşde köp amallary geçirmäge amatly mümkinçilik döredýän «VISA Virtual» bank karty işe girizildi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan «Galkynyş» töleg ulgamy işe girizilip, ol internetiň üsti bilen milli hem-de daşary ýurt pullarynda tölegleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu ulgamyň üsti bilen fiziki we ýuridik şahslar sanly ulgamda dürli tölegleri geçirmek, karzlary we bank kartlaryny almak üçin ýüzlenmeleri ibermek, pul geçirimlerini amala aşyrmak, öz bank hasaplaryny dolandyrmak we ondaky pul serişdeleriniň hereketine gözegçilik etmek, şeýle hem hasaplary boýunça geçirilen amallaryň taryhyny görmek ýaly mümkinçiliklerden peýdalanyp bilýärler.
«Onlaýn kabulhana» hyzmaty
Sanly ulgamda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek, müşderilerine amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky tarapyndan «Onlaýn kabulhana» hyzmaty işe girizildi. Oňa laýyklykda, raýatlar sanly ulgam arkaly günüň islendik wagtynda bankyň resmi www.tnbk.tm web saýtynyň «Onlaýn hyzmatlar» bölüminde ýerleşdirilen «Onlaýn kabulhana» bölümçesiniň üsti bilen bank tarapyndan berilýän güwänamalary, bank kartlaryny sargyt etmek we gaýtadan çap etmek, şeýle hem karz almak üçin onlaýn görnüşde ýüzlenip bilýärler.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň «Daýhanbank», «Türkmenistan» döwlet täjirçilik hem-de «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banklarynda, degişlilikde, daşary ýurtlarda okaýan talyplaryň okuw we umumyýaşaýyş jaý töleglerini hem-de fiziki şahslaryň Türkmenistanyň çäginden daşarda saglygynyň barlanylmagy we bejerilmegi üçin töleglerini onlaýn görnüşde tölemäge, şeýle-de «VISA» we «MasterCard» halkara bank kart hasaplaryny internet ulgamynyň üsti bilen özbaşdak doldurmaga mümkinçilik berýän sanly töleg ulgamlary işe girizildi.
«Menzilara bank» hyzmaty
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň «Menzilara bank» hyzmatyna laýyklykda, raýatlar alyş-çalyş amalyny onlaýn görnüşde amala aşyrmak üçin bir gezek banka gelip, tölege degişli resminamalaryň asyl nusgalaryny barladyp, daşary ýurt pulunda goýum hasaplaryny açmaly, şeýle hem ulanyjy döretmek barada ýüz tutmaly. Soňra müşderi bankyň resmi web saýtynyň «Onlaýn töleg geçirmek» bölümine girip, penjirede açylan meýdançalary talap edilen görnüşde doldurýar hem-de tölege degişli resminamalaryny ýükleýär. 2025-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynyň dowamynda 34,8 müňe golaý müşderiniň bu hyzmatdan peýdalanmagy oňa uly isleg bildirilýändigini görkezýär.
Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň hödürleýän «Onlaýn halkara töleg» hyzmatyna laýyklykda, töleg amallaryny onlaýn görnüşde amala aşyrmak mümkindir. Munuň üçin müşderi bir gezek banka gelip, tölege degişli resminamalary getirenden soň, bank işgäri tarapyndan internet arkaly ähli sazlamalar ýerine ýetirilýär. Şeýlelik bilen, bankyň resmi www.tnbk.tm web saýtynyň «Onlaýn hyzmatlar» bölüminde ýerleşdirilen «Internet-bank» bölümçesiniň üsti bilen raýatlar hyzmatyň amatly mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilerler. 2025-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynyň dowamynda bu hyzmata «VISA» we «MasterCard» halkara bank kart hasaplaryna pul serişdelerini geçirmek üçin 1,5 müňden gowrak müşderiniň birikmegi bu hyzmatyň türkmenistanlylaryň arasynda meşhurlygynyň artýandygyny subut edýär.
«Sanly töleg» ykjam goşundysy
Ykjam aragatnaşyk ulgamynyň ösüşindäki özgerişlikler döwrebap bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmegiň esasy şertidir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň karz edaralary ykjam telefonlar üçin nagt däl tölegleri, şol sanda galtaşyksyz tölegi amala aşyrmak üçin degişli ykjam goşundylary işläp düzýärler. Şeýle hyzmatlaryň hatarynda Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Sanly töleg» ykjam goşundysyny görkezmek bolar. Onuň kömegi bilen müşderiler bankyň resmi www.halkbank.gov.tm web saýtyndan halkara bank kart hasaplaryny banka barmazdan ygtybarly we aňsatlyk bilen aýma-aý dolduryp bilýärler. Geçirilen amallar baradaky maglumat hyzmaty ulanyjy raýatlaryň ykjam telefonlaryna SMS habary görnüşinde iberilýär. Bank hyzmatynyň bu görnüşi nagt däl tölegleriň gerimini giňeltmäge we töleg-hasaplaşyk amallarynyň netijeliligini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şu ýylyň ýanwar—aprel aýlarynyň dowamynda bankyň «Sanly töleg» ykjam goşundysyna 6,7 müňe golaý müşderi birikdirilip, olaryň halkara «VISA» we «MasterCard» bank kart hasaplaryna pul serişdeleri geçirildi.
«Sanly karz» ulgamy
Raýatlara karzlary resmileşdirmekde sanly ulgamy ulanmak arkaly ýeňillikleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan fiziki şahslar üçin «Sanly karz» ulgamy ornaşdyryldy. Ykjam goşundyny ykjam telefonlara ýüklemek arkaly bankyň web saýtyndan onlaýn görnüşde sarp ediş karzyny almak üçin ýüz tutmak, onuň ýagdaýy bilen tanyşmak, karz taryhyny özbaşdak barlamak, zerur resminamalary elektron görnüşde ibermek, alyp boljak karzyň möçberini awtomatik görnüşde kesgitlemek mümkindir.
2025-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynyň dowamynda «Sanly karz» ykjam goşundysynyň üsti bilen 1,2 müňe golaý müşderiniň ýüz tutup, jemi 33877,7 müň manat möçberinde karz serişdeleriniň resmileşdirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan döwrebap we ygtybarly tehnologiýalaryň esasynda işlenip düzülen «Halkbank terminal» ykjam programma üpjünçiligi hem işe girizildi. Bölek söwda we hyzmat ediş nokatlarynyň işgärleri ony adaty töleg terminalynyň ornuna ulanyp bilýärler.
2025-nji ýylyň ýanwar—aprel aýlarynyň dowamynda «Halkbank terminal» hyzmatynyň üsti bilen amal edilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberiniň 75,3 million manada deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,94 esse artandygyny bellemek gerek.
«Senagat töleg» ykjam programma
Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan hödürlenilýän «Senagat töleg» ykjam programma üpjünçiligi arkaly «Altyn Asyr» ÝGPJ-niň TMCELL öýjükli aragatnaşyk telefon hyzmatynyň, AŞTU-nyň (Aşgabat şäher telefon ulgamy) CDMA öýjükli aragatnaşyk telefon, internet, IP TV, öý telefony hyzmatlarynyň, «Türkmentelekom» elektron aragatnaşyk kompaniýasynyň internet hyzmatynyň, «Belet film» hyzmatynyň, «Älem-TV plastik kartlary» hyzmatynyň töleglerini, şeýle hem Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň jerime töleglerini islendik ýerde we günüň islendik wagtynda tölemek mümkindir.
Mundan başga-da, bu hyzmatyň işe girizilmegi bilen ýurdumyzyň raýatlary ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge öz goşantlaryny goşmak üçin haýyr-sahawat geçirimlerini banka geçirip bilýärler. «Senagat töleg» ykjam goşundysynda raýatlara nagt däl görnüşde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna pul serişdelerini geçirmäge mümkinçilik döredildi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, banklaryň işini kämilleşdirmek, şol sanda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda» ýaly onlaýn bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak işlerine yzygiderli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Olaryň kömegi bilen bank amallarynyň we hyzmatlarynyň netijeliligini artdyrmak üçin giň mümkinçilikler açylýar.
«Internet-bank» we «Mobil-bank» ulgamlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi ýylsaýyn artýar. Şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynyň dowamynda bu görkeziji, degişlilikde, 1721,7 müň we 12 189,8 müň manada ýetdi, bu bolsa hyzmatlaryň amatly mümkinçiliklerinden peýdalanýan müşderileriň sanynyň yzygiderli artýandygyny görkezýär. Şu ýylyň ýanwar—aprel aýlarynyň dowamynda bankomatlaryň, terminallaryň, «Internet-bank», «Mobil-bank» we «Elektron söwda» ulgamlarynyň üsti bilen amal edilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 6773,9 million manada ýetdi, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 35 göterim ýokarlandy.