11-nji iýulda geçirlen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, häzirki döwürde bu toplumy ösdürmek we onuň işini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumyny düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmak hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasarynyň wezipesini girizmek barada karara gelendigini aýtdy.
Ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy hem-de Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy döredilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we täze ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň döredilmeginiň ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga ýardam etjekdigini belledi.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine 6 aý synag möhleti bilen M.Çakyýewi belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Demir ýol ulaglary ministri wezipesine M.Akmämmedowy, Aragatnaşyk ministri wezipesine 6 aý synag möhleti bilen H.Hudaýgulyýewi, Awtomobil ulaglary ministri wezipesine B.Annadurdyýewi, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň başlygy wezipesine D.Saburowy, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy wezipesine A.Şanazarowy belledi.