Mälim bolşy ýaly, geçen hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda iş saparynda boldy. Bu sapar özüniň netijeliligi bilen tapawutlanyp, türkmen-tatar hyzmatdaşlygy hem-de Türkmenistan-Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky özara gatnaşyklary dürli ugurlarda ösdürmek babatda örän uly häsiýete eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar strategik häsiýete eýe bolup, bu ugurda Russiýanyň iri sebitleri, hususan-da Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejelere çykdy.
Türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň gadymy taryhy bar. Köp ýyllardan bäri Tatarystanyň iri kompaniýalary we kärhanalary ýurdumyzda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Söwda hyzmatdaşlygy hem yzygiderli artýar. Şunuň bilen baglylykda, nebit ýataklaryny özleşdirmek, nebit önümçiligi, maşyngurluşyk, energetika, farmasewtika, saglygy goraýyş, azyk senagaty we beýleki ugurlarda netijeli gatnaşyklar alnyp barylýar.
Şeýle hem Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasy ynsanperwer ugurlarda, medeniýet, sport, syýahatçylyk, ylym-bilim ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Häzirki wagtda Tatarystanyň uniwersitetlerinde 8,5 müňe golaý türkmen talyby dürli ugurlarda ýokary bilim alýarlar.
Gahryman Arkadagymyzyň Kazana saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň işjeň ilerledilýändigi, türkmen-rus gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine yzygiderli pugtalandyrylýandygy bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2025» XVI halkara ykdysady forumda çykyş edip, häzirki wagtda yslam dünýäsiniň öňünde durýan örän wajyp meseleler barada durup geçdi we şunuň bilen baglylykda, yslam ýurtlarynyň Aziýa-Ýuwaş umman sebitinden Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryna çenli aralykdaky giňişligi birleşdirýän Ýewraziýa energetika, ulag we tehnologiýa guşagyny döretmeginiň zerurdygyny belledi.
Hususan-da, hyzmatdaşlygyň bu görnüşiniň durmuşa geçirilmegi netijesinde energiýa serişdeleriniň, harytlaryň we hyzmatlaryň iň gysga ýollar arkaly iberilmegini üpjün etmäge hem-de örän uly giňişligi, kuwwatly senagat we çig mal merkezlerini birleşdirmäge mümkinçilik açyljakdygyny nygtady. Şunuň ýaly birleşdiriji guşak ählumumy özara hereketleriň köprüsine öwrüler hem-de söwda-baha syýasatyna, bütindünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýlaryna we ösüşine oňyn täsir edip biler.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan öz teklip eden «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasyny iş ýüzünde işjeň ilerledýär diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Yslam dünýäsi bilen hyzmatdaşlykda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ähmiýeti uludyr. Bu gurama Yslam ösüş banky, Yslam ösüş gaznasy, Yslam azyk howpsuzlygy guramasy ýaly birnäçe düzümleri bilen iri halkara guramalaryň biridir.
Dawut MEREDOW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.