15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi Türk­me­na­bat şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de Mej­li­siň Baş­ly­gy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, Le­bap we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi mä­hir­li gar­şy­la­dy­lar. Bu ýer­de me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ry ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz da­ba­ra­nyň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne bar­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz da­ba­ra my­na­sy­bet­li gu­ra­lan aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ra to­ma­şa eden­den soň­ra, ýö­ri­te gur­na­lan mej­lis­ler za­ly­na bar­dy hem-de bu ýer­de gut­lag sö­zi bi­len çy­kyş et­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Türk­me­na­bat şä­he­rin­dä­ki S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky hi­mi­ýa za­wo­dyn­da mi­ne­ral dö­kün­le­ri ön­dür­ýän top­lu­myň düý­bü­ni tut­mak da­ba­ra­sy­na gat­na­şy­jy­la­ry bu şat­lyk­ly wa­ka bi­len tüýs ýü­rek­den gut­lap, hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň mö­hüm pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, pu­da­gy ös­dür­mek üçin ýur­du­myz­da giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Uly möç­ber­li ma­ýa go­ýum­lar öz­leş­di­ri­lip, iri tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­ýar. Önüm­çi­li­ge döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar or­naş­dy­ryl­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de Di­ýa­ry­my­zyň hi­mi­ýa se­na­ga­tyn­da bir­nä­çe iri kär­ha­na­lar ne­ti­je­li iş­le­ýär. Şol kuw­wat­ly kär­ha­na­lar­da öz ýer­li çig mal­la­ry­my­zy ulan­mak ar­ka­ly ýo­ka­ry hil­li önüm­ler ön­dü­ril­ýär we bu önüm­le­riň möç­be­ri yzy­gi­der­li art­dy­ryl­ýar.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iri tas­la­ma­lar, ulan­ma­ga be­ril­ýän tä­ze önüm­çi­lik des­ga­la­ry yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi pug­ta­lan­dyr­ma­ga, hal­ky­my­zyň aba­dan we bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir di­ýip, hormatly Prezidentimiz sö­zü­ni do­wam et­di we şol tas­la­ma­lar ama­la aşy­ry­lan­da eko­lo­gik ta­lap­la­ryň ber­jaý edil­me­gi­ne, ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de hyz­mat­daş­la­ry­myz bi­len bi­le­lik­de ama­la aşyr­ýan iri se­na­gat tas­la­ma­la­ry­myz ýo­ka­ry hil de­re­je­si­ne, in­no­wa­si­on çöz­güt­le­re we eko­lo­gik ta­lap­la­ra do­ly la­ýyk gel­ýän­di­gi ba­ra­da ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň oňyn ba­ha­la­ry­na my­na­syp bol­ýar.
Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, «Türk­men­hi­mi­ýa» döw­let kon­ser­ni­niň S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky hi­mi­ýa za­wo­dyn­da mi­ne­ral dö­kün­le­ri ön­dür­ýän tä­ze top­lu­myň tas­la­ma­sy­ny Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň «Dae­woo» kom­pa­ni­ýa­sy ýe­ri­ne ýe­ti­rer. Düý­bi tu­tul­ýan bu top­lu­myň gur­lu­şy­gyn­da eko­lo­gik ta­lap­la­ry ber­jaý et­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­ret­jek in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­ly en­jam­lar we se­riş­de­ler ula­ny­lar. Tä­ze top­lum ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­ni we içer­ki sarp edi­ji­le­ri ýo­ka­ry hil­li fos­for­ly dö­kün­ler bi­len yg­ty­bar­ly üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Ga­raş­syz döw­le­ti­miz­de azyk howp­suz­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge hem-de da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän fos­for­ly dö­kün­le­ri özü­miz­de ön­dür­mä­ge şert dö­re­der.
Top­lum­da ýyl­da 350 müň ton­na su­per­fos­fat we 100 müň ton­na am­mo­niý sul­fa­ty ön­dü­ri­ler. Ol ulan­ma­ga ber­len­den soň, ýur­du­my­zyň hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň kuw­wa­ty­ny ep-es­li art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Döw­re­bap hi­mi­ýa kär­ha­na­sy­nyň işe gi­ri­zil­me­gi bi­len, goş­ma­ça iş orun­la­ry dö­re­di­ler. On­da zäh­met çek­jek hü­när­men­le­riň kö­pü­si da­şa­ry ýurt­la­ryň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de taý­ýar­la­nyp, ola­ryň iş­le­me­gi üçin äh­li ze­rur şert­ler üp­jün edi­ler.
Ýur­du­my­zyň hi­mi­ýa se­na­ga­tyn­da tä­ze önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar, ýag­ny Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türk­men­ba­şy et­ra­byn­da kar­ba­mid ön­dür­ýän top­lu­my, Ahal­da­ky gaz­dan ben­zin ön­dür­ýän za­wo­dyň ikin­ji tap­gy­ry­ny, Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ma­ry et­ra­by­nyň çä­gin­de mi­ne­ral dö­kün­le­ri ön­dür­ýän za­wo­dy gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sö­zü­ni do­wam et­di we şeý­le iri tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy­nyň hi­mi­ýa se­na­ga­ty­ny ös­dür­mä­ge uly üns be­ril­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň beý­le­ki we­la­ýat­la­ry bi­len bir ha­tar­da, Le­bap we­la­ýa­ty­ny hem dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mä­ge mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni, bu ýer­de kuw­wat­ly se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň, me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ryň we des­ga­la­ryň yzy­gi­der­li gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Hä­zir­ki wagt­da Aş­ga­bat – Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň Ma­ry – Türk­me­na­bat bö­le­gi­niň gur­lu­şy­gy ta­mam­laý­jy tap­gyr­da al­nyp ba­ryl­ýar. Türk­me­na­bat şä­he­rin­de bol­sa Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň tä­ze bi­na­lar top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýär di­ýip, hormatly Prezidentimiz bel­le­di hem-de gel­jek­de-de ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­ni top­lum­la­ýyn ös­dür­mek, tä­ze, döw­re­bap önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­riň üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ni tas­syk­la­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Türk­me­na­bat şä­he­rin­dä­ki hi­mi­ýa za­wo­dyn­da mi­ne­ral dö­kün­le­ri ön­dür­ýän top­lu­myň düý­bü­niň tu­tul­ma­gy bi­len da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si­ni ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­lap, hem­me­le­re berk jan sag­lyk, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny, alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň çy­ky­şy şow­hun­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­la­nyl­dy. Soň­ra ek­ran­da su­per­fos­fat we am­mo­niý sul­fa­ty­ny ön­dür­ýän top­lum bi­len ta­nyş­dyr­ýan wi­deo­film gör­ke­zil­di.
Soň­ra çy­kyş et­mek üçin Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň «Dae­woo En­gi­nee­ring & Const­ructi­on Co., Ltd.» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy Jong Won-ju­wa söz be­ril­di. Ol, il­ki bi­len, bu mö­hüm tas­la­ma­nyň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän kom­pa­ni­ýa­sy­na yna­ny­lan­dy­gy üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, şu gün­ki da­ba­ra­nyň di­ňe bir za­wo­dyň düý­bü­niň tu­tul­ma­gy bol­man, eý­sem, Türk­me­nis­tan­da aba­dan­çy­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­me­giň ýo­lun­da no­bat­da­ky ädim bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, mi­ne­ral dö­kün­le­ri ön­dür­ýän top­lu­myň gur­lu­şyk tas­la­ma­sy ýur­duň gaz­hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň hem-de oba ho­ja­ly­gy­nyň ösü­şi­ne uly go­şant goş­jak mil­li tas­la­ma­la­ryň bi­ri­dir. Bu tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mä­ge hem-de se­bi­tiň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ös­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýaş nes­liň we­kil­le­ri­niň ha­ýy­şy bo­ýun­ça tä­ze des­ga­nyň düý­bü­niň tu­tul­ma­gy my­na­sy­bet­li ýa­dy­gär­lik ýaz­ga gol çek­di hem-de ol ýö­ri­te gu­tu­jy­ga sa­lyn­dy. Ýa­dy­gär­lik ýaz­gy gal­dy­ry­lan gu­tu­jyk ýyg­na­nan­la­ryň şow­hun­ly el çar­pyş­ma­la­ry as­tyn­da tä­ze top­lu­myň bin­ýa­dy­na atyl­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz top­lu­myň bin­ýa­dy­na il­kin­ji be­ton ga­ryn­dy­sy­ny at­ýar we hal­ky­my­zyň asyl­ly dä­bi­ne eýe­rip, bu baş­lan­gy­ja ak pa­ta ber­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň gö­rel­de­si­ne eýe­rip, da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar hem des­ga­nyň düý­bü­ne be­ton ga­ryn­dy­sy­ny at­dy­lar. Soň­ra hormatly Prezidentimiziň adyn­dan ça­ga­la­ra sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ça­ga­la­ryň ha­ýy­şy bo­ýun­ça olar bi­len ýa­dy­gär­lik su­ra­ta düş­di.