Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary Belarusda «Naroçanskiý» milli seýilgähiniň çäginde ýerleşýän «Zubrýonok» çagalar merkezinde 7-nji iýulda badalga alan «Arkalaşygyň çagalary» atly X Halkara medeni-bilim forumyna gatnaşýarlar.
Şu ýyl forum «Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna — Ýatlama we nesilleriň agzybirligi» temasyna bagyşlanýar . Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň resmi saýtynda habar berilýär.
Foruma Ermenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan mekdep okuwçylaryndan düzülen wekiliýetler gatnaşýarlar.
Forumyň maksatnamasy Milli Çagalar Tehnologiýalar parkyndan başlanýar — bu ýerde okuwçylar onuň işi bilen tanyşdyrylyp, ylym we innowasiýalar boýunça ussatlyk sapaklary geçiriler.
Her gün foruma gatnaşyjylar Arkalaşygyň ýurtlarynyň biriniň taryhy, medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanşarlar. Şeýle-de olara gyzykly çäreler, duşuşyklar we täsirli gezelençler bilen baýlaşdyrylan maksatnama garaşýar.