Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň saýty (archery-tkm.art) üç dilde – türkmen, rus we iňlis dillerinde işläp başlady.

Saýtda Federasiýasynyň alyp barýan işleri, şeýle hem ýaýdan ok atmak sporty hakynda gyzykly maglumatlar bilen tanşyp bolýar we sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmak üçin ýazylyp bolýar.

Ýaý atyjylyk Federasiýasy türgenleşigiň şu aşakdaky toparlaýyn görnüşlerini hödürleýär:

Kiçi topar (10 ýaşdan) hepdede üç gezek, Uly topar (18 ýaşdan) hepdede üç gezek we Tälimçi bilen hepdede üç gezek.

Türgenleşikleriň türgenleşik zalynda ýa-da toparyň düzüminde açyk howada geçirilýändigi bellenilýär.

Türkmenistanda ýaý atyjylyk federasiýasy 2015-nji ýylda döredildi. Şol ýyl hem Milli federasiýamyz Bangkokda geçen Kongresde ýaýdan ok atmak boýunça Aziýa federasiýasynyň (AAF) düzümine girdi, 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Mehikoda geçen Kongresde ýaýdan ok atmak boýunça Halkara federasiýasynyň (FITA) doly hukukly agzasy bolupdy.