11-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.
Mejlisde şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň alty aýynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1 göterime, gurluşykda 5,1 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,8 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda 4,5 göterime we hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,9 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy.
Şu ýylyň alty aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 12,7 göterim, daşary söwda dolanyşygy 2,9 göterim ýokarlandy.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15,6 göterim artdy.
Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri dowam etdirmegiň, munuň üçin ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan kabul edilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan çäreleriň, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişini yzygiderli seljermegiň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi.
Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 17 milliard 829 million manat düýpli maýa goýumlary özleşdirildi. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15,6 göterim köpdür diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 269,7 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň we beýleki desgalaryň gurluşygy meýilnama esasynda alnyp barylýar.
Geçen ýarym ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýeti durnukly ösdürildi. Bäsleşige ukyply, ýokary hilli dürli harytlary öndürýän täze kärhanalary döretmek boýunça zerur işler alnyp baryldy. Ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak boýunça zerur işler geçirilýär. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiligi artdyrylyp, pudaklara sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.