Şweýsariýanyň çempionatynda soňky tapgyrda “Serwett” bilen “Ýang Boýz” toparlarynyň arasyndaky oýnuň golsuz tamamlanmagyndan soň “Bazel” topary çempionlygyny yglan etdi. “Bazel” topary möwsümiň tamamlanmagyna 3 tapgyr galanda, 2-nji ýerdäki “Serwett” toparyndan 11 utuk öňe saýlandy. Bu olaryň 8 ýyldan soň gazanan ilkinji, umumylykda-da, 21-nji çempionlygydyr. Soňky 7 möwsümde “Ýang Boýz” 6, “Sürih” topary 1 gezek çempion bolupdy.

Toparyň çempionlygyna klubuň ýyldyzy Herdan Şakiriniň uly goşandy boldy. 33 ýaşyndaky  ýyldyz oýunçy 35 duşuşykda 20 gol geçirip, 21 goluň pasyny berdi.

Şweýsariýada “Bazelden” öňde “Grashopper” topary öňde bolup, Sürih şäheriniň wekiliniň 27 çempionlygy bar.