“La Ligada” sanawyň lideri “Barselona” topary ozalky futbolçysy Žoao Kanselony düzümine goşdy. Katalonlar “Al-Hilalda” çykyş edýän portugaliýaly goragçy bilen möwsümiň ahyryna çenli şertnama baglaşdylar. 31 ýaşyndaky oýunçy 2023/24 möwsüminde hem “Barselonada” kärendesine oýnapdy. 2024-nji ýylyň tomsunda “Al-Hilala” transfer bolan Kanselo karýerasy boýunça “Benfika”, “Walensiýa”, “Inter”, “Ýuwentus”, “Mançester Siti”, “Bawariýa” ýaly yklymyň öňdebaryjy toparlarynyň köýnekçesini geýdi.

Kanselo “Barselonadaky” öňki başdan geçirmesinde 42 oýunda 4 gol geçiripdi.