Ýy­lyň il­kin­ji aw­tou­lag gör­ke­zi­li­şi bo­lan Brýus­sel aw­to­ser­gi­si ýan­war aýy­nyň 9-18-i ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­ýär. Her ýyl ge­çi­ril­ýän bu ser­gi­de Ýew­ro­pa­da ýy­lyň aw­tou­lag baý­ra­gy­nyň ýe­ňi­ji­si yg­lan edil­ýär. 102-nji ge­zek ge­çi­ril­ýän Brýus­sel aw­tou­lag ser­gi­sin­de ka­şaň aw­tou­lag­lar bi­len bir ha­tar­da, elekt­rou­lag­lar, gib­rid ýa­ly tä­ze mo­del­ler, şeý­le hem mo­to­sikl brend­le­ri köp­çü­li­ge gör­ke­zil­ýär. Aw­tou­lag hü­när­men­le­ri­ni, jem­gy­ýet­çi­lik we köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ni, sy­ýa­hat­çy­la­ry bir ýe­re jem­le­ýän bu ser­gi güý­men­je meý­dan­ça­sy bo­lup, öza­ra pi­kir alyş­ma­ga, tä­ze çöz­güt­le­ri tap­ma­ga uly müm­kin­çi­lik dö­red­ýär.
Brýus­sel aw­to­ser­gi­si­ne 60-dan gow­rak aw­tou­lag bren­di, 20-den gow­rak mo­to­sikl kom­pa­ni­ýa­la­ry, ýe­ňil tä­jir­çi­lik aw­tou­lag­la­ry, elekt­rou­lag­lar, gib­rid ulag­lar we nusgawy aw­tou­lag­lar gat­naş­ýar. Bil­şi­miz ýa­ly, dün­ýä aw­tou­lag ba­za­ryn­da Ýew­ro­pa­ aw­tou­lag­la­ryna uly is­leg bil­di­ril­ýär. Ýew­ro­pa­nyň aw­tou­lag ba­za­ryn­da «Volks­wa­gen», «Stel­lan­tis», «Re­nault» ýa­ly kom­pa­ni­ýa­lar öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Ýew­ro­pa­da ba­za­ryň li­de­ri «Volks­wa­gen» ha­sap­la­nyl­ýar. Ne­mes­le­riň «halk ula­gy» Ýew­ro­pa­da­ky aw­tou­lag sa­tu­wy­nyň 20-25 gö­te­ri­mi­ni düz­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da elekt­rik ulag­la­ra uly üns be­ril­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, Ýew­ro­pa ba­za­ryn­da elekt­rou­lag­laryň 16-18 gö­te­rim pa­ýy bar. Gib­rid ulag­la­ryň bol­sa, git­di­gi­çe meş­hur­ly­gy ar­typ, 2025-nji ýy­lyň aw­tou­lag söw­da­syn­da 34-35 gö­te­ri­mi­ eme­le ge­ti­rip­dir. Ýew­ro­pa­da gib­rid ulag­la­ryň meş­hur bol­ma­gy bi­len di­zel we ben­zin bi­len he­re­ket ed­ýän ulag­la­ryň söw­da­sy pe­se gaç­ýar. Bu se­bit­de, esa­san, SUV ulag­la­ra uly is­leg bil­di­ril­ýär. De­giş­li dö­wür­de se­dan bi­len ji­piň ara­ly­gyn­da­ky SUV ulag­la­ry­nyň söw­da­sy 48-59 gö­te­ri­me deň bo­lup­dyr. El­ýe­terli ba­ha­sy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan «Dacia San­de­ro» 2025-nji ýyl­da Ýew­ro­pa­da iň köp sa­ty­lan ulag bo­lup­dyr. Ýew­ro­pa­da aw­tou­lag söw­da­syn­da Ger­ma­ni­ýa, Ang­li­ýa we Fran­si­ýa esa­sy üç­lü­gi eme­le ge­tir­ýär. BMW, «Mercedes-Benz» ýa­ly ka­şaň aw­tou­lag­la­ryň ata Wa­ta­ny­nyň se­bit­dä­ki ba­zar pa­ýy 20 gö­teri­me deň.
Brýus­sel aw­to­ser­gi­si­niň 7 sa­ny ser­gi za­ly bar. Bu ýer­de ýe­ňil ulag­lar, mo­to­sikl­ler we nus­ga­wy ulag­lar aý­ra­tyn meý­dan­ça­da köp­çü­li­ge gör­ke­zil­ýär. Ser­gä 300 müň­den gow­rak myh­man gat­naş­ýar. Brýus­sel aw­tou­lag ser­gi­si Bel­gi­ýa­da­ky ýa­pyk bi­na­da ge­çi­ril­ýän iň uly çä­re ha­sap­la­nyl­ýar. Bu ýyl ser­gi­niň tä­ze­li­gi hök­mün­de «Opel Ast­ra»-nyň ýol­suz ýer­den ýö­re­ýän elekt­rik ulag­la­ry, «Al­fa Ro­meo»-nyň tä­ze mo­del­le­ri gör­ke­zil­ýär. Şu gün ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­syn­da Ýew­ro­pa­da ýy­lyň aw­tou­la­gy bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­jisi yg­lan edi­ler. Ser­gi­ni Bel­gi­ýa­nyň Aw­to­mo­bil we we­lo­si­ped se­na­ga­ty fe­de­ra­si­ýa­sy (FE­BIAC) gu­ra­ýar. Brýus­sel aw­to­ser­gi­si tut­ýan meý­da­ny 50 müň ine­dör­dül met­re ba­ra­bar bo­lan «Hey­sel Pa­laces» (Ýüz­ýyl­lyk köş­gi) ser­gi mer­ke­zin­de ge­çi­ril­ýär.

Ta­ry­hy
Brýus­sel aw­tou­lag ser­gi­si il­kin­ji ge­zek 1902-nji ýyl­da ge­çi­ril­ýär. Şol ýyl­ky ser­gi­de «Cle­ment» we «Gard­ner-Ser­pol­let» ýa­ly şol döw­rü­ň meş­hur ulag­la­ry gör­ke­zil­ýär. Ýer­li ser­gi­den hal­ka­ra de­re­je­li ser­gä öw­rü­len Brýus­sel aw­to­ser­gi­si il­ki­baş­da «Park du Cinquan­te­nai­re» seýilgähinde ge­çi­ri­lip baş­lan­ýar. Bi­rin­ji we Ikin­ji ja­han ur­şy ýyl­la­ryn­da ge­çi­ril­me­dik bu ser­gi 1937-nji ýyl­dan baş­lap Ýüz­ýyl­lyk köş­gün­de (Hey­sel Pa­laces) öz işi­ne baş­la­ýar. Ser­gi 1960-njy ýyl­dan bä­ri yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Ser­gi Ýew­ro­pa­nyň aw­tou­lag­la­ry­ny köp­çü­li­ge ta­nat­mak, söw­da­ny ös­dür­mek we aw­tou­la­g­la­ra tä­ze teh­no­lo­gik çöz­güt­le­ri or­naş­dyr­mak üçin ge­çi­ril­ýär. «Hey­sel Pa­laces» ser­gi mer­ke­zi nus­ga­wy ulag­la­ryň öýi bo­lan Aw­to­world mu­ze­ýin­den baş­lap, gi­per­kar­la­ra, elekt­rik ulag­la­ra, mo­to­sikl­le­re we oýun ma­şyn­la­ry­na çen­li köp za­dy öz içi­ne al­ýar.