Angliýanyň “Liwerpul” topary ýylyň transferini resmi ýagdaýda amala aşyrdy. Iňlis kluby “Bundesliganyň” wise-çempiony “Baýeriň” ýyldyzy Florian Wirts bilen resmi ýagdaýda ylalaşyga gol çekişdi. 22 ýaşyndaky hüjüme golaý ýarymgoragçy “Liwerpul” topary bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Liwerpul” Wirtsiň transferi üçin lewerkuzenlilere umumylykda 116 million funt sterling (137 million ýewro) tölär. Onuň 100 million funty oýunçynyň gönümel tölegi bolup, galan 16 milliony goşmaça tölegler bolar.

Gol çekişlikden soň Wirts: – Köp wagtdan bäri garaşýardym, ahyry tamamlanany üçin begenjimiň çägi ýok – diýip, beýanat berdi.

“Baýerde” 6 möwsüm oýnap, ol 197 oýunda 57 goly derwezä girizen Wirts, Angliýanyň “Premier Ligasynyň” iň gymmat transfer bolar.

Foto: “Liwerpulyň” resmi internet saýtyndan alyndy.