ABŞ-da geçirilýän FIFA Klublar Dünýä Kubogy ýaryşynda “C” toparçada Täze Zelandiýanyň ýarym professional futbolçylardan düzülen “Oklend Siti” toparyny “Bawariýadan” soň “Benfika” hem uly hasap bilen ýeňdi. Ýagyş we güýçli ýel sebäpli arakesmesi 2 sagatdan gowrak bolan duşuşykda “Benfika” 6-0 hasabynda ýeňiş gazandy. 1-nji ýarymyň ahyrynda, ýagny 45+8-nji minutda Anhel Di Mariýanyň penalti goly bilen öňe geçen portugallar 2-nji ýarymda ýagyş deýin gol ýagdyrdylar. Lissabonlylaryň gollaryny 2-nji ýarymda Pawlidis (53), Sançes (65), Barreiro (76, 78) hem-de ýene-de penaltiden, bu gezek 90+8-nji minutda Di Mariýa (90+8) geçirdi.
Toparçadaky beýleki duşuşyk çekeleşikli ýagdaýda geçip, “Bawariýa” argentinleriň öňdebaryjy topary “Boka Huniorsy” 2-1 hasabynda ýeňdi. Nemes klubunyň gollaryny Harri Keýn (18) bilen Mihael Olise (84) geçirdi. Argentin toparynyň ýeke-täk pökgüsini 66-njy Merentiel öz adyna ýazdyrdy.
“Boka Huniorsyň” ýeňilmegi bilen şu ýaryşda Günorta Amerikanyň wekilleriniň ilkinji ýeňlişi boldy.
“Bawariýa” topary 1/8 finala çykmagy başardy. 6 utukly münhenliler 3-nji duşuşygynda 4 utugy bolan “Benfika” bilen liderlik üçin göreşerler.
“C” TOPARÇA
Benfika – Oklend Siti: 6-0 /Di Mariýa 45+8 p, 90+8 p, Pawlidis 53, Sançes 63, Barreiro 76, 78/
Bawariýa – Boka Huniors: 2-1 /Keýn 18, Olise 84 – Merentiel 66/
Foto: “Goal.com” saýtyndan alyndy.