Bolgariýanyň çempionatynda 31-nji tapgyrda çempionlyk toparçasynda “Çerno more Warna” toparyny Werdon hem-de Duahyň gollary bilen 2-0 ýeňen “Ludogores Razgrad” topary nobatdaky çempionlygyny yglan etdi. “Ludogores Razgrad” topar bassyr 14-nji çempionlygyny gazandy. Ludogores topary bu ugurda Ýewropanyň rekordyna şärik boldy. Latwiýanyň “Skonto” (1991-2004) hem-de Gibraltaryň “Linkoln Red Imps” (2003-2016) toparlary 14 ýeňiş bilen Ýewropada yzly-yzyna iň köp çempion bolan toparlardyr.
2011/12 möwsüminden bäri çempionlygy aldyrman gelýän razgradlylar Bolgariýada Sofiýanyň klublary SSKA (31) hem-de “Lewskiden” (26) soň 3-nji orunda barýar. SSKA soňky gezek 2007/08, “Lewski” 2008/09 möwsüminde çempion bolupdy.