Dün­ýä­niň iň go­wy awia­kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň sa­na­wy taý­ýar­lan­dy. Awia­si­ýa pu­da­gy bi­len bag­ly iş alyp bar­ýan «Air­li­ne­Ra­tings.com» saý­ty 2025-nji ýy­lyň iň yg­ty­bar­ly awia­kom­pa­ni­ýa­la­ry­ny saý­la­dy. Sa­naw­da «Air New Zea­land» bi­rin­ji or­ny eýe­le­di. «Qan­tas» (Awst­ra­li­ýa) we «Cat­hay Pacific» (Gon­kong) il­kin­ji üç­lü­ge gi­rip­dir. De­giş­li­lik­de, «Qatar Air­wa­ys» hem-de «Emi­ra­tes» bol­sa il­kin­ji bäş­li­ge ady­ny ýaz­dyr­dy.
Il­kin­ji on­lu­ga ANA (Ýa­po­ni­ýa), «EVA Air» (Hy­taý), «Ko­re­an Air» (Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy), «Alas­ka Air­li­nes» (ABŞ) we «Tur­kish Air­li­nes» (Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy) girdi.
Sa­naw­da ar­zan ba­ha­ly awia­kom­pa­ni­ýa­la­ryň hem iň yg­ty­bar­ly­la­ry saý­lan­dy. Ola­ryň ara­syn­da «Hong Kong Express» (Gon­kong), «Jets­tar Group» (Awst­ra­li­ýa), «Rya­na­ir» (Ir­lan­di­ýa) we «ea­sy­Jet» (Be­ýik Bri­ta­ni­ýa) öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­di. Bu­lar­dan baş­ga-da, «Fron­ti­er Air­li­nes» (ABŞ), «Ai­rA­sia» (Ma­laý­zi­ýa), «Wizz Air» (Weng­ri­ýa), «Viet­Jet Air» (Wýet­nam), «South­west Air­li­nes» (ABŞ) we «Vola­ris» (Mek­si­ka) bu ugur­da il­kin­ji on­lu­ga gir­di.

Be­genç AN­NA­GEL­DI­ÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.