HMD kom­pa­ni­ýa­sy uzak wagt­lap zar­ýad sak­la­ýan te­le­fo­nyny ta­nyş­dyr­dy. «No­kia 300 4G Po­wer Bank» at­ly te­le­fo­nyň zar­ýa­dy 45 gü­ne çen­li ýet­ýär. Ge­rek bo­lan ma­ha­ly te­le­fo­ny beý­le­ki en­jam­la­ra zar­ýad ber­mek üçin hem ula­nyp bol­ýar. Adat­da­ky ýa­ly, düw­me­li te­le­fo­nyň yz ta­ra­pyn­da ka­me­ra hem ýer­leş­di­ri­lip­dir. En­ja­myň ga­ba­ra­sy berk bo­lup, kyn iş şert­le­rin­de hem ulan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Te­le­fo­nyň ba­ta­re­ýa­sy kuw­wa­ty 3 700 mA/sa­gat bo­lup, 26 sa­ga­da çen­li gep­leş­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. En­ja­ma to­za­na we su­wa gar­şy çy­dam­ly­dy­gy­ny aň­lad­ýan IP65 ser­ti­fi­ka­ty hem ber­lip­dir. Ýo­kar­ky bö­le­gin­de ýer­leş­di­ri­len çy­ra ada­ty te­le­fon­lar­dan 5 es­se güýç­li ýag­ty­lyk saç­ýar. Te­le­fo­nyň ýa­ny bi­len dört gör­nüş­li en­ja­ma zar­ýad ber­ýän uç­la­ry bo­lan USB ka­be­li hem berilýär. 2,4 dýuým ek­ra­nly en­jam­da SMS, FM ra­dio ýa­ly esa­sy aý­ra­tyn­lyk­lar bar. Şeý­le hem 0,3 MP du­ru­ly­gyn­da ka­me­ra, 4G ara­bag­la­ny­şyk we «microSD» kart bar. Ga­ra, ýa­şyl we al­tyn­sow reňk­li gör­nüş­le­ri bo­lan te­le­fon 32 dol­lar ba­ha bi­len sa­tu­wa çy­ka­ry­lar.