Moskwanyň Bauman adyndan döwlet tehniki uniwersitetiniň bazasynda hünärmenler «öz-özünden dikelýän» plýonka işläp taýýarladylar. Bu material gyzdyrylanda 95 göterime çenli gaýtadan dikelýän termoplastiki polimerden taýýarlanylypdyr. Materialyň durmuşda ulanylýan adaty saç guradyjy bilen 50-60 gradusa çenli gyzdyrmagyň ýeterlikdigi we şonda täsin ýagdaýyň bolup geçýändigi bellenilýär. Şonda plýonka özüni dikeldip başlap, 48 sagadyň dowamynda öňki ýagdaýyna gelýär. Şeýle netijäni 1,5 millimetr çuňluga çenli zyýan ýeten plýonkada gazanyp bolýar. Täze emele gelen molekulýar baglanyşygyň netijesinde material öňküsinden 52% berk bolýar. «Täsin plýonkanyň» mehaniki häsiýeti göze ilip duran üstki gatlagynyň 95%-ine çenlisini dikeltmäge mümkinçilik berýär. Täze oýlap tapylan materialy dürli zarlaryň – smatfonlaryň, awtomobilleriň, telewizorlaryň, foto we kompýuter tehnikasynyň üstki gatlagyny goramak üçin ulanyp bolar. Şeýle plýonka ykjam gorag serişdesi bolup hyzmat eder.
Ruhsara JUMAGELDIÝEWA, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
PDF









