Türk­men hal­ky­nyň me­de­ni mi­ra­sy­nyň naý­ba­şy gör­nüş­le­ri­niň bi­ri-de ga­dym­dan göz­baş­ly zer­gär­çi­lik önüm­le­ri bo­lan ze­nan be­zeg şaý­la­ry­dyr. Se­net­kär us­sa­lar be­zeg şaý­la­ry­ny ýa­san­la­ryn­da ony da­kyn­jak ze­na­nyň ýaş aý­ra­tyn­ly­gy­ny göz öňün­de tu­tup­dyr­lar. Ýag­ny ýaş gyz­la­ryň tah­ýa­la­ry­na alyn­şaý, gup­ba, çe­ke­lik, ýeň­se­lik, şa­kä­kil, süm­sü­le, ak­dyr­ma, te­ne­çir ýa­ly be­zeg şaý­la­ry ýa­sa­lan bol­sa, ýaş ge­lin­le­riň we or­ta ýaş­ly ze­nan­la­ryň baş­la­ry­ny maň­laý­lyk­la­ryň gör­nüş­le­ri öwür­me, il­dir­giç, eg­me hem-de ýaş­ma­ku­jy ýa­ly on­lar­ça şaý­lar bi­len be­zäp­dir­ler.
Zer­gär­le­riň dö­re­den baş­gap­la­ra da­kyl­ýan be­zeg şaý­la­ry öz ara­syn­da örän köp gör­nüş­li­dir. Ola­ryň her bi­ri­niň özü­niň da­ky­lyş aý­ra­tyn­ly­gy bo­lup, baş­gap­la­ry has-da gö­zel gör­nü­şe ge­ti­rip­dir.
Maň­laý­lyk şaý-be­zeg­le­ri sap kü­müş­den ýa-da kü­mü­şe al­tyn ça­ýy­lyp ýa­sal­ýar, oňa ha­kyk, dür­li çüý­şe gaş­lar otur­dy­lyp be­zel­ýär. Şaý­la­ryň ýü­zi «geo­met­rik», «is­li­mi», «ner­rek», şo­nuň ýa­ly hem haý­wa­nat dün­ýä­si bi­len bag­la­ny­şyk­ly bo­lan «go­çak», «hü­wi» na­gyş­la­ry bi­len ha­şam­lan­ýar.
Maň­laý­lyk maň­la­ýa da­kyl­ýan şaý­la­ryň umu­my ady­ny aň­lad­ýan dü­şün­jä­ni öz içi­ne al­mak bi­len bir­lik­de öz­ba­şy­na aý­ra­tyn şa­ýyň ady bo­lup hem gel­ýär. Olar ýaş ge­lin­le­riň we uly ýaş­ly ze­nan­la­ryň bö­rü­gi­niň, top­by­sy­nyň öňü­ne da­kyl­ýan şel­pe­li we şel­pe­siz gör­nüş­de ýa­sal­ýan be­zeg şaý-se­pi­dir. Şel­pe­li maň­laý­lyk­la­ry ýaş ge­lin­ler, şel­pe­siz maň­laý­lyk­la­ry bol­sa or­ta ýa­şan ze­nan­lar da­ky­nyp­dyr. Onuň ker­piç­li maň­laý­lyk, il­dir­giç­li maň­laý­lyk, şel­pe­li maň­laý­lyk ýa­ly gör­nüş­le­ri hem bar.
Öwür­me maň­laý­ly­gyň beý­le­ki maň­laý­lyk­lar­dan ta­pa­wu­dy be­ýik we adyn­dan bel­li bol­şy ýa­ly öw­rü­lip dur­ýar. Ol hal­ka­lar ar­ka­ly bi­ri-bi­ri­ne bir­leş­di­ri­len süýn­mek gaş­ly plas­tin­ka­la­ryň ha­ta­ryn­dan yba­rat bo­lup, ýü­zü­ne «gol­çur­ly go­çak», «go­çak», «çi­gil­dem», «al­ma çi­gi­di» ýa­ly na­gyş­lar ha­şam­la­nan gör­nüş­de ýa­sa­lyp­dyr.
Il­dir­giç­ler dür­li uly­lyk­da­ky we dür­li şe­kil­li bir­nä­çe ýü­zi ha­şam­ly plas­tin­ka­la­ryň top­lu­myn­dan dü­zü­lip, iki gap­da­lyn­da üç­burç­luk gör­nüş­li iki sa­ny uly il­dir­giç­li plas­tin­ka bol­ýar, ola­ryň ara­syn­da dür­li hi­li şe­kil ber­lip ýa­sa­lan ki­çi­räk plas­tin­ka­lar gulp­la­ryň, hal­ka­jyk­la­ryň kö­me­gi bi­len bi­ri-bi­ri­ne bir­nä­çe ha­tar bi­rik­di­ri­lip­dir we aşak ete­gi­ne şel­pe­ler da­ky­lyp­dyr. Şel­pe­le­riň iki gap­da­ly bir­nä­çe ha­tar­ly bo­lup, mer­kez­dä­ki­den az-az­dan uza­lyp gid­ýär. Şel­pe­le­riň ujy içi boş «peý­kam» gör­nüş­li plas­tin­ka­lar bi­len gu­tar­ýar.
Ýaş gyz-ge­lin­le­riň tah­ýa­dyr, bö­rük­le­ri­niň maň­la­ýy­na da­kyl­ýan şel­pe­li maň­laý şaý­la­ryň bi­ri süm­sü­lä­niň ýer­li­gi sap kü­müş­den ýa­sa­lyp­dyr. Ol bir­meň­zeş süýn­meg­räk, ýü­zi ösüm­lik dün­ýä­sin­den al­nan «gül», «ýap­rak» na­gyş­ly be­ze­len, gü­ber­çek­li­je, iki­ýan ujy gulp­ly şaý­la­ryň iki, üç se­tir edi­lip zyn­jy­ra dü­zü­len dü­zü­mi süm­sü­lä­niň esa­sy­ny eme­le ge­tir­ýär. Onuň aşa­ky se­ti­rin­dä­ki zyn­jy­ry­nyň aşa­gyn­dan bir ha­tar gys­ga we bir ha­tar uzyn zyn­jyr­jyk­ly, piş­me gör­nüş­li şel­pe­ler asyl­ýar. Ýo­kar­ky uzyn se­ti­riň or­ta­syn­da we iki gy­ra­syn­da goç­buý­nuz şe­kil­li, ýü­zi ha­kyk gaş­ly be­ze­gi bol­ýar. Kä­bir süm­sü­le­le­riň iki çe­tin­de uzyn zyn­jyr­ly düw­me­le­ri bo­lup, çek­ge­den örüm sa­çyň we iki gu­la­gyň üs­tün­den aşak­ly­gy­na sal­la­ny­şyp dur­ýar. Gyz­lar süm­sü­lä­ni gup­ba bi­len da­kyn­sa­lar, ge­lin­ler bu şa­ýy bö­rük­le­ri­niň maň­la­ýy­na da­k­ýar­lar. Süm­sü­le şa­ýy, esa­san hem, de­mir­ga­zyk­ly ze­nan­la­ra mah­sus­dyr.
Ak­dyr­ma uly gyz­la­ryň tah­ýa­sy­nyň aşak ete­gi­ne aý­law gör­nü­şin­de tu­tul­ýan, zyn­jy­ra dü­zü­len piş­me ýa-da naý­za gör­nüş­li şel­pe­le­riň top­lu­my­dyr. Onuň maň­la­ýa düş­ýän piş­me gör­nüş­li ýa-da gü­ber­çek şel­pe­le­ri bir­sy­dyr­gyn, deň bo­lup, çek­ge şel­pe­le­ri maň­laý şel­pe­le­ri­ne ga­ran­da uzyn bol­ýar. Bu şa­ýy, esa­san, gü­nor­ta Türk­me­nis­tan­da ýa­şa­ýan gyz-ge­lin­ler da­ky­nyp­dyr­lar.
Ke­be­lek maň­laý­ly­gy hem ze­nan­la­ryň maň­laý şaý­la­ry­na de­giş­li­dir. Ol, esa­san, gar­ta­şan ene­le­riň alyn şa­ýy­dyr. Beý­le­ki maň­laý şaý­la­ry­na ga­ra­nyň­da, bu şa­ýyň daş­ky gör­nü­şi has ta­pa­wut­ly, ony düz­ýän dü­züm bö­lek­le­ri bol­sa sa­da­dan ne­pis edi­len­dir. Şa­ýyň esa­sy­ny ke­be­lek şe­kil­li kü­müş bö­le­jik­le­ri düz­ýär. Or­ta­da uly göw­rüm­li ke­be­lek şe­ki­li bo­lup iki gap­da­lyn­da ki­çi ke­be­lek şe­kil­jik­le­ri öza­ra ters­hal­ka­lar, zyn­jyr­lar ar­ka­ly bag­la­nyş­dy­ryl­ýar. Her ke­be­lek şe­ki­li­niň ýü­zün­de bir­nä­çe ha­kyk we pöw­ri­ze gaş­la­ry otur­dy­lyp­dyr.
Ze­nan­la­ryň bö­rü­gi­ne da­kyl­ýan eg­me uly göw­rüm­li be­zeg şaý­la­ryň ha­ta­ry­na gir­ýär. Ol yzy­na ça­la­ja ýaý be­rip du­ran, ýa­sy bir bi­te­wi kü­müş bö­lek gör­nü­şin­de bo­lup, bö­rü­giň öňü­ni bü­tin­li­gi­ne tu­tup dur­ýar. Be­ze­gin­de ýü­zü­ne gö­nü­burç­ly gör­nüş­li «çy­byk» nag­şy bir­nä­çe aý­law edi­lip, mer­ke­zi­ne ha­kyk gaş­la­ryň bir ha­ta­ry otur­dyl­ýar. Şeý­le hem eg­mä­niň ýo­kar­ky we gap­dal gy­ra­la­ry «hü­wi», gö­nü­burç­ly sim­le­ri­niň ara­sy «ner­rek», mer­kez­dä­ki gaş­la­ryň tö­we­re­gi­ne «is­li­mi» na­gyş­la­ry ha­şam­lan­ýar. Şa­ýyň be­ýik­li­gi bö­rü­giň be­ýik­li­gi­ne gö­rä bo­lup, kä­ha­lat­da 20-25 san­ti­met­re çen­li bar­ýar. Eg­mä­niň ýü­zün­dä­ki aý­law sim­le­ri­niň sa­ny­na gö­rä, al­ty sim­li eg­me, on iki sim­li eg­me ýa­ly gör­nüş­le­ri bo­lup, ýü­zün­dä­ki aý­law sim­le­riň sa­ny nä­çe köp bol­sa, şon­ça hem agyr, gör­nük­li, sa­ly­hat­ly, gym­mat­ly şaý-sep di­ýlip ha­sap­la­nyp­dyr.
Mil­li äheň­dä­ki bu be­zeg şaý­la­ryň her bi­ri özü­niň öz­bo­luş­ly ýa­sa­lyş aý­ra­tyn­ly­gy, na­gyş­la­ry­nyň örän tä­sin­li­gi we gaý­ta­lan­ma­ýan­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Döw­rüň ös­me­gi bi­len ýyl­sa­ýyn kä­mil­leş­ýän zer­gär­çi­lik sun­ga­ty­nyň şu gün­le­rin­de döw­re­bap be­zeg şaý­la­ry­nyň ýa­sal­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, şol bir wag­tyň özün­de mil­li be­zeg şaý­la­ry­nyň ga­dy­my asyl nus­ga­la­ry­na bo­lan is­leg hem öz gym­ma­ty­ny ga­çyr­man gel­ýär.

Ak­bi­ke JU­MA­ÝE­WA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň esasy hünärmeni.