Ýewropa Bileleşiginiň ýaşaýjylarynyň kitaba bolan gatnaşygy dürli-dürli. Olaryň ýarysy diýen ýaly bir ýylda bir kitaby doly okamaýar, käbir ýurtlarda bolsa, ortaça 10 kitap ýa-da ondanam köp okaýarlar. “Eurostat”-yň barlaglaryna görä, Ýewropa Bileleşiginiň raýatlarynyň ýarysy diýen ýaly – 47,2 göterimi geçen ýylyň dowamynda ýekeje kitap hem okamandyr.
Iň az okaýan rumynlar – ýurduň ilatynyň üçden birinden hem az (29,5%), Kipr hem olardan galarly däl (33,1%) we Italiýa (35,4%).
Irlandiýalylar Ýewropa Bileleşiginde iň höwesli okyjylar, olaryň 26 göterimi bir ýylda 10 ýa-da has köp kitap okandygyny belli boldy. Irlandiýadan soň Finlýandiýa (22,7%), Şwesiýa (21,5%) we Fransiýa (19,8%) gelýär.
Mundan başga-da, kitap okaýan Ýewropa Bileleşiginiň raýatlarynyň iň köp böleginiň Lýuksemburg (75,2%), Daniýa (72,1%) we Estoniýa (70,7%) ýaly ýurtlardadygy belli boldy.
Şeýle hem barlaglarda, ýaş nesliň – 16 ýaşdan 29 ýaş aralygyndakylaryň iň yhlasly okyjylardygy, olaryň 60 göteriminiň ýylda azyndan bir kitap okaýandygyny belli boldy.
Beýleki tarapdan, 65+ topar iň pes görkezijini görkezdi (47%). Erkekler bilen zenanlaryň arasyndaky tapawut has-da uly: zenanlaryň 60,5 göterimi kitap okaýar, erkekleriň bolsa, 44,5 göterimi kitap okaýar.