Täze demir ýol ugurlary açylar

2

Ýakyn geljekde Nahiçewan awtonom Respublikasynyň çäginde Ermenistan-Türkiýe, Ermenistan-Azerbaýjan hem-de Ermenistan-Eýran aralygynda demir ýol gatnawlary ýola goýlar. “AZERTAJ” habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu barada Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan habar berdi. Hökümet baştutany TRIPP taslamasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde bu ykdysady wakalara gysga wagtyň içinde şaýat bolunjakdygyny aýratyn belledi.
Häzirki wagtda Ahalkalaki-Kars demir ýoly, şeýle hem Azerbaýjanyň demir ýol ulgamy Ermenistandan haryt eksport we import etmek üçin eýýäm açykdyr. Premýer-ministriň bellemegine görä, bu ugurlaryň hereket etmegi ýurduň ykdysady durmuşynda möhüm ädim bolup durýar. Häzirki döwürde Ermenistanyň Gruziýanyň we Azerbaýjanyň çäkleri arkaly Russiýa Federasiýasy bilen, soňra bolsa Russiýanyň hem-de Gazagystanyň üsti bilen Hytaý Halk Respublikasy bilen demir ýol gatnawy bar. Şeýle hem Gruziýanyň we Türkiýäniň çägi arkaly Ýewropa Bileleşigi bilen demir ýol aragatnaşygy üpjün edildi.