Tomsuň ilkinji güni dünýäniň ähli ýurdunda diýen ýaly Çagalary goramagyň halkara güni bellenilip geçilýär. Bu sene çagalar üçin diňe bir şatlykly baýramçylyklaryň biri bolman, eýsem, çagalaryň hemişe goraga, alada mätäçdi-gi we ulularyň olar barada jogapkärçilik duýmalydygyny ýatladýan seneleriň biridir.
Çagalary goramagyň halkara gününiň (International Children’s Day) baýramçylygy Aýallaryň halkara demokratik federasiýasynyň Geňeşliginiň sessiýasynyň karary esasynda 1949-njy ýylyň noýabrynda esaslandyrylyp, her ýylyň 1-nji iýunynda bellenip geçilýär. Çagalary goramagyň halkara güni ilkinji gezek 1950-nji ýylda dünýäniň 51 ýur-dunda bellenip geçilýär.
1959-njy ýylyň 20-nji noýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy çagalaryň hukuklary hakyndaky Deklarasiýany, 30 ýyldan soň – 1989-njy ýylda bolsa, dünýäniň 61 döwletiniň gol çeken çagalaryň hukuklary hakyndaky Kon-wensiýany kabul etdi. Şu günki günde dünýäniň köp ýurtlarynda şatlygyň we bagtly çagalygyň bu baýramy belle-nip geçilýär. Bularyň ählisine 1924-nji ýylda kabul edilen Ženewa deklarasiýasy sebäp bolup, şonda ilkinji gezek çagalaryň hukuklarynyň sosial goragy hakyndaky mesele gozgalýar.
Çagalaryň halkara gününe bagyşlanan baýdagy hem bar. Ýaşyl reňkli baýdakda Ýer togalagy şekillendirilip, onuň töwereginde el-ele berip duran dürli reňkli çagalaryň şekilleri bar.
Ýurdumyzda Çagalar gününe bagyşlanyp dürli dabaralar, baýramçylyk çäreleri geçirilýär.
PDF









